“In­ter­na­tio­nal Da­ta Cor­po­ra­ti­on” (IDC) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy 2019-njy ýyl­da özü­niň “Pixel” smart­fon­la­ry­nyň söw­da­sy­nyň möç­be­ri boýunça re­kord goý­dy. Ge­çen ýyl­da bu te­le­fo­nyň 7,2 mil­lio­ny sa­tyl­dy. Ol hem 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 52 gö­te­rim köp­dür. Şol ýyl 4,7 mil­li­on te­le­fon sa­ty­lyp­dy.
“Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Pixel” smart­fo­ny ABŞ-da, gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da hem-de Ýa­po­ni­ýa­da iň geç­gin­li te­le­fon bol­dy. Kom­pa­ni­ýa smart­fon önüm­çi­li­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bu ba­zar­da­ky öň­de­ba­ry­jy 10 kom­pa­ni­ýa­nyň ha­ta­ry­na go­şu­lyp bil­me­di. De­ňeş­di­ri­len­de, “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy di­ňe 2019-njy ýy­lyň 4-nji çär­ýe­gin­de 73,8 mil­li­on “iP­ho­ne” te­le­fo­ny­ny sat­dy. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy de­giş­li dö­wür­de 69,4 mil­li­on, Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kompaniýasy bol­sa 56,2 mil­li­on te­le­fon söw­da­sy­ny ama­la aşyr­dy.

Halylgeldi MYRATLYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.