Fransiýa Respublikasy aerokosmos pudagyna 15 milliard ýewro (17 milliard dollar) möçberinde maliýe kömegini bermegi meýilleşdirýär. Öň yglan edilen käbir çäreleri öz içine alýan bu maliýe kömeginiň netijesinde, orta göwrümli üpjün edijileriň ösüşini çaltlandyrmak üçin 1 milliard ýewro çenli maýa goýum gaznasyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem aerokosmos pudagyndaky kömekçi potratçylara işlerini döwrebaplaşdyrmak üçin 300 million ýewro kömek bermek maksat edinilýär.
– Biz aerokosmos pudagyna zerur kömekleri bereris – diýip, ýurduň maliýe ministri Bruno Le Mer gürrüň berdi. Ministriň aýtmagyna görä, Ýewropa sebiti “Airbus” awiagurluşyk kompaniýasy bilen ABŞ-nyň “Boeing” hem-de bu bazarda ynamly ösüş gazanmak babatda tagalla edýän Hytaýyň awiagurluşyk kompaniýalary bilen bäsdeşlik etmegi meýilnamalaşdyrýar.
Şeýle hem Fransiýanyň hökümeti öňümizdäki 3 ýylda ekologiýa taýdan arassa awiasiýa tehnologiýalarynyň önümçiliginiň ylmy-barlag işleri üçin 1,5 milliard ýewro möçberinde maýa goýumlary özleşdirmek isleýär. Munuň 300 millionyny şu ýylyň dowamynda sarp etmek göz öňünde tutulýar. Bu maliýe kömeginiň 7 milliard ýewrosy “Air France” awiasiýa kompaniýasynyň we “Airbusyň” sargytlaryny ýerine ýetirmek işlerini çaltlandyrmaga gönükdiriler.
Fransiýanyň Angliýa, Germaniýa we Italiýa bilen 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri karz agentlikleri tarapyndan üpjün edilen awiasiýa karzlary babatda esasy karzy üzmek boýunça bir ýyllyk töleg wagtynyň uzaldylmagy barada ylalaşandygy mälim edildi.
Kemal AKMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.