Hy­ta­ýyň dün­ýä bel­li “Tencent” kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­ri­niň Man­het­ten işe­wür­lik mer­ke­ziniň ulu­ly­gyn­da “Net City” at­ly döw­re­bap şä­he­ri gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu akyl­ly şä­he­riň tas­la­ma­sy mä­lim edil­di. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­dä­ki mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, Man­het­ten işe­wür­lik mer­ke­zi­niň ulu­ly­gyn­da­ky şä­her­de ýa­şa­mak hem-de iş­le­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­ler. Bu şä­her tas­la­ma­sy­nyň 7 ýyl­da gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Şä­her­de aw­tou­lag he­re­ke­ti­ni iň az de­re­je­de sak­lap, we­lo­si­ped we jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň gat­na­wy­na has köp üns be­rmek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Iri şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­syndan hem gör­nü­şi ýa­ly, mek­dep­le­riň hem-de eda­ra bi­na­la­rynyň üçe­gi dür­li ösüm­lik­ler bi­len gur­­şalar. Hy­taý kom­pa­ni­ýasy 2019-njy ýyl­da NBBJ fir­ma­sy bi­len bu tas­la­ma ba­bat­da yla­la­şyk ga­zan­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da şeý­le tas­la­ma­lar has köp görkezilip baş­la­dy. Dün­ýä bel­li “Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy hem Ka­na­da­da akyl­ly şä­her tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Bu tas­la­ma üçin 900 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum göz öňün­de tu­tu­lyp­dy.