Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Bu günki gün ylym-bilim ulgamlarynda geçirilýän özgerişlikler özüniň aýdyňlygy bilen durmuşymyzda öz mynasyp ornuny tapýar. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ählitaraplaýyn ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda Ylymlar gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi, ylym ulgamynyň özara hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilmegi döwletimiziň ylmyň pajarlap ösýän merkezine öwrüljekdigine şaýatlyk edýär.

Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry döw­let eda­ra­sy – Ylym­lar Aka­de­mi­ýa­sy he­re­ket ed­ýär, onuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­tiň yl­my-teh­ni­ki sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Biz Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy ok­gun­ly ös­dür­mek, dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni gi­ňiş­li­gin­dä­ki bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin köp iş­le­ri ama­la aşyr­ýa­rys. Yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň ga­za­nan­la­ryn­dan, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan, in­no­wa­si­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we­zi­pe­le­rin­den ugur alyp, bu ugur­la­ra düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­ýä­ris” di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ylym ul­ga­myn­da hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry­ny yzy­gi­der­li or­naş­dyr­mak iş­le­ri­ üs­tün­lik­li alnyp ba­ryl­ýar. “Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, ylym ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nda iş­jeň ula­nyl­ma­gyna uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek­de yl­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ryn­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de, yl­my-teh­no­lo­gik, yl­my-kli­ni­ki hem-de yl­my-tas­la­ma mer­kez­le­rin­de, tej­ri­be-önüm­çi­lik bar­lag­ha­na­la­ryn­da, pu­da­ga­ra we pu­dak­la­ýyn yl­my gu­ra­ma­lar­da zäh­met çek­ýän alym­la­ryň düýp­li, ama­ly, na­za­ry, göz­leg yl­my bar­lag­la­ry­nyň, in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry­nyň uly or­ny bar­dyr.
Şeý­le hem ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­ny ylym-bi­lim pu­da­gy­na iş­jeň çek­mek ug­run­da hem uly ta­gal­lalar edil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de Ýaş alym­la­ryň Ge­ňe­şi iş­jeň he­re­ket ed­ýär. Onuň işi­ne ta­lyp­lar we ola­ryň ha­ly­pa­la­ry bo­lan mu­gal­lym­lar gat­naş­ýar­lar. Ylym-bi­lim dü­züm­le­ri­niň ul­ga­my ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýaş­la­ryň hö­we­si­ni, baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ma­ga we dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge, ýaş­la­ryň hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry­na, du­şu­şyk­la­ra, şol san­da da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän çä­re­le­re gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, tä­ze­lik­le­riň mag­lu­mat bin­ýa­dy­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da yl­my eda­ra­la­ry­ň sa­ny art­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar Aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zin­de ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri te­bi­gy se­riş­de­le­ri top­lum­la­ýyn gaý­ta­dan iş­le­me­giň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň üs­tün­de iş­le­ýär­ler, te­bi­gy ylym­la­ryň mik­ro­bio­lo­gi­ýa, bioe­ko­lo­gi­ýa, hi­mi­ýa, bo­ta­ni­ka ýa­ly ul­gam­la­ryn­da ama­ly bar­lag­la­ry alyp bar­ýar­lar. Alym­lar di­ňe bir bar­lag­ha­na­lar­da däl, eý­sem, te­bi­gy go­rag­ha­na­lar­da, çäk­li go­rag­ha­na­lar­da zäh­met çe­kip, mi­we­li agaç­la­ryň, der­man­lyk ösüm­lik­le­riň we beý­le­ki ekin­le­riň ýa­ba­ny gör­nüş­le­ri­ni öw­ren­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da yk­dy­sa­dy-gu­ra­ma­çy­lyk, ag­ro­se­na­gat top­lu­my­ny, oba ho­ja­ly­gyn­da ekin do­la­ny­şy­gy­ny we kö­pu­gur­ly oba ho­ja­lyk se­na­ga­ty­ny kä­mil­leş­dir­me­gi, yl­my se­lek­si­ýa taý­dan, go­wa­ça sort­la­ry­nyň, bug­daý we beý­le­ki ekin­le­riň köp ha­syl­ly bol­ma­gy ugrunda türk­men alym­la­ry iş alyp barýarlar. Ga­ra­gum säh­ra­ly­gyn­da­ky “Al­tyn Asyr” türk­men kö­lü­niň eko­lo­gi­ýa taý­dan iş­läp taý­ýar­la­ny­lan kar­ta­syn­da­ky mi­we­li bag­la­ryň we ge­ne­ti­ki gaz­na­sy­nyň baý­laş­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da alym­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, dün­ýä­niň iri yl­ym-bi­lim mer­kez­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we gaz­na­lar bi­len uzak möh­let­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne, hu­su­san-da, Aş­ga­bat­da we we­la­ýat­la­ryň do­lan­dy­ryş mer­kez­le­rin­de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­lar, okuw mas­la­hat­la­ry, ser­gi­ler, yl­my iş­gär­le­riň du­şu­şyk­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Ola­ra dür­li ýurt­lar­dan köp san­ly myh­man­lar iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Ýur­du­myz ylym-bi­lim ul­ga­my­na dün­ýä öl­çeg­le­ri­ni or­naş­dyr­mak bi­len, yn­san­per­wer ul­gam­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär. Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len bi­le­lik­de iş al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan, ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­ma­ty bi­len üp­jün et­me­gi göz öňün­de tut­ýan san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy ylym-bi­lim pu­da­gy­ny has-da döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ugur­da eý­ýäm köp san­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di.
Umu­man, mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ylym-bi­lim ul­ga­myn­da­ky öz­gert­me­ler ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de äh­li ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne uly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Re­sul AN­NA­ÝEW,
Be­genç BA­BA­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň
mu­gal­lym­la­ry.