Hytaýyň “Contemporary Amperex Technology” (CATL) kompaniýasy hereketlendirijisi elektrik togy bilen işleýän ulaglar üçin täzeçil işläp düzmeleri taýýarlady. ABŞ-nyň “Tesla” hem-de Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasynyň esasy hyzmatdaşy bolan bu hytaý kompaniýasy elektroulaglar üçin hereketlendiriji öndürmekde öňdebaryjylaryň biridir.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, elektroulaglar üçin täze batareýa işlenip düzüldi. Ol 16 ýyl hyzmat etmek ýa-da takmynan 2 million kilometr geçmek üçin niýetlenendir.
Kompaniýanyň başlygy Çžen Ýusun “Bloomberg” habarlar gullugyna bu öňdebaryjy tehnologiýa barada gürrüň berdi. Onuň belläp geçmegine görä, bu köp wagtlyk çydamly batareýany öndürmek üçin edilen çykdajy bazardaky beýleki batareýalardan 10 göterim ýokary bolup, ol hem elektrikli awtoulaglaryň bahasyna ep-esli täsirini ýetirer. Hytaýyň kompaniýasy bu täze görnüşli batareýa üçin sargytlary kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi. Elektrikli awtoulaglaryň iň gymmat bölegi hereketlendirijisi hasaplanýar. Häzirki wagtda ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasynyň öndürýän batareýalarynyň 8 ýyl ýa-da 150 müň mil (takmynan 240 müň km) aralygy geçýändigi barada kepillik berilýär. Bu adatça her 3 ýylda bir gezek çalşylmagyny talap edýär.