Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösdürmekde intellektual eýeçiligiň eýeleýän orny we ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga we peýdalanmaga gönükdirip alyp barýan syýasaty bilen esaslanandyr.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da halk ho­ja­ly­gy­nyň düýp­gö­ter öz­ger­dil­me­gi­ne hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nda hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär. In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň eda­ra­sy bo­lup, ylym­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de in­no­wa­si­ýa­la­ry we dö­re­di­ji­li­gi hö­wes­len­dir­me­giň se­riş­de­si hök­mün­de in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­gi peý­da­lan­ma­gyň me­se­le­le­ri (pa­tent­ler, aw­tor­lyk hu­ku­gy, ha­ryt­lyk ny­şan­lar, nus­ga­lar we ş.m.) bi­len meş­gul­lan­ýar.
Umu­man, ýur­du­myz ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we dü­züm­ler, şol san­da 1995-nji ýyl­dan bä­ri do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lup dur­ýan In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2013-nji ýy­lyň 1-nji mar­tyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry bi­len dö­re­di­len Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik bo­ýun­ça döw­let gul­lu­gy in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň dü­züm­le­ri­ni go­ra­mak ba­bat­da döw­let ta­ra­pyn­dan ka­da­laş­dy­ry­lyş işi­ni alyp bar­ýar. Bu ugur­da ka­nun­çy­lyk bin­ýat hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Mu­ňa “Oý­lap ta­pyş­la­ryň hu­kuk go­ra­gy ha­kyn­da”, “Al­go­ritm­le­riň, elekt­ron ha­sap­laý­jy ma­şyn­lar (EHM) üçin prog­ram­ma­la­ryň, mag­lu­mat ba­zar­la­ry­nyň we in­teg­ral mik­ros­he­ma­la­ryň to­po­lo­gi­ýa­sy­nyň hu­kuk taý­dan go­ra­ly­şy ha­kyn­da”, “Se­lek­si­ýa­nyň ga­za­nan­la­ry­ny hu­kuk taý­dan go­ra­mak ha­kyn­da”, “Ra­sio­na­li­za­tor­çy­lyk işi ha­kyn­da”, “Ha­ryt ny­şan­la­ry ha­kyn­da”, “Ha­ryt­la­ryň ge­lip çy­kan ýer­le­ri­niň at­la­ry ha­kyn­da” we beý­le­ki hu­kuk na­ma­lar esas bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Bu ugur­da ýur­du­myz In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy­nyň köp san­ly yla­la­şyk­la­ry­na hem yzy­gi­der­li go­şul­ýar. 2015-nji ýyl­da ýur­du­myz 1999-njy ýy­lyň se­na­gat nus­ga­la­ry­ny hal­ka­ra taý­dan bel­li­ge al­mak ha­kyn­da­ky Gaa­ga yla­la­şy­gy­nyň Že­ne­wa na­ma­sy­na we olim­pi­ýa ny­şan­la­ry­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Naý­ro­bi şert­na­ma­sy­na go­şul­dy. 2016-njy ýyl­da bol­sa ede­bi we çe­per eser­le­ri go­ra­mak bo­ýun­ça Bern Kon­wen­si­ýa­sy­na go­şul­dy.
Şeý­le hem in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik ul­ga­myn­da tä­ze-tä­ze kon­wen­si­ýa­la­ra go­şul­mak ba­bat­da hem giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ol hem ýur­du­myz­da ugur­daş bi­lim­le­ri kä­mil­leş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­re­der. Şeý­le hem Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň bin­ýa­dyn­da In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy­nyň de­po­zi­ta­riý-ki­tap­ha­na­sy­ny aç­mak hem-de Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ýa­nyn­da In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy­nyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa­la­ry gol­da­mak bo­ýun­ça mer­ke­zi­ni dö­ret­mek iş­le­ri in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik­de hyz­mat­daş­ly­gyň has-da iş­jeň­leş­me­gi­ne ge­ti­rer.
Ýur­du­myz­da tä­ze eser­le­ri dö­red­ýän we oý­lap ta­pyş­la­ry öňe sür­ýän aw­tor­la­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik bol­sa oý­lap ta­pyş­lar, ede­bi we çe­per eser­ler, şeý­le hem tä­jir­çi­lik mak­sa­dy bi­len ula­nyl­ýan ny­şan­lar, at­lar we nus­ga­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri öw­ren­ýär. Şo­nuň üçin bu ug­ruň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne mil­li Li­de­ri­miz hem uly äh­mi­ýet ber­ýär.
In­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň mil­li ul­ga­my­nyň he­re­ket ed­ýän döw­rün­de da­şa­ry ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da anyk ädim ädil­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­za se­na­gat eýe­çi­li­gi pu­da­gy­nyň hal­ka­ra pa­tent ul­ga­my­na go­şul­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Umu­man, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­li­giň ne­ti­je­li ul­ga­my dö­re­dil­ýär. Bu ul­gam­da al­nyp ba­ryl­ýan stra­te­gi­ýa bir­nä­çe mil­li ka­nun­çy­lyk-na­ma­la­ry­na hem-de ýur­du­my­zyň gol çe­ken hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýo­la goý­lup, se­na­gat eýe­çi­li­gi­niň des­ga­la­ry­nyň hu­kuk taý­dan go­ral­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Döw­let­gel­di PÜR­DE­KOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.