Biziň ýurdumyzda Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy (WIPO) bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen bilelikde intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taslamasyny düzmek boýunça işler alnyp barylýar.
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy (WIPO) Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasydyr. WIPO intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara guramalarynyň biridir. Has dogrusy, ol 1893-nji ýylda geçirilen diplomatik konferensiýada esaslandyryldy. Pariž (senagat emlägini goramak üçin) we Bern (edebi we çeper eserleri goramak üçin) konwensiýalarynyň dolandyryş wezipelerini ýerine ýetiren iki býuro, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy ady bilen birleşdiler. 1967-nji ýylda Stokgolmda WIPO-nyň döredilýändigi barada konwensiýa gol çekildi. Onuň ştab-kwartirasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýär. WIPO 1974-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolýar.
Häzirki wagtda 191 ýurt Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň agzasydyr. Bu dünýä ýurtlarynyň 90%-den gowragydyr. Häzir onuň Baş direktory awstraliýaly Frensis Garridir. WIPO döredijiligi ösdürmäge we döwletara hyzmatdaşlygy arkaly dünýädäki intellektual eýeçiligi goramaga goldaw berýär.
Onuň işi, döredijilik işjeňligi üçin sylaglaýan, innowasiýa höweslendirýän we jemgyýetiň bähbitlerine hormat goýmak bilen ykdysady ösüşe goşant goşýan deňagramly we elýeterli halkara intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmäge bagyşlanýar.
Guramanyň esasy wezipeleri:
Bütin dünýäde intellektual eýeçiligi goramak we bu ugurda milli kanunçylygyň sazlaşygyny gowulandyrmak üçin durmuşa geçiriljek çäreleriň işlenip düzülmegine kömek etmek;
Intellektual eýeçilik pudagynda halkara kanunlaryny we kadalaryny ösdürmek;
Pariž we Bern bileleşiginiň dolandyryş wezipelerini berjaý etmek;
Intellektual eýeçilik pudagynda tehniki we hukuk kömegi bermek;
Maglumatlary ýygnamak we ýaýratmak, gözleg geçirmek we netijelerini neşir etmek;
Intellektual eýeçiligiň halkara goragyny ýeňilleşdirýän hyzmatlary üpjün etmek.
WIPO-nyň başlangyç we iň möhüm wezipesi bolsa, köptaraplaýyn halkara konwensiýalary kämilleşdirmekdir. Ol köp sanly halkara şertnamasynyň dolandyryş wezipesini berjaý edýär. Olar senagat eýeçiligi we awtorlyk hukugy boýunça şertnamalardyr. 1998-nji ýyldan başlap, WIPO-nyň Bütindünýä akademiýasy intellektual eýeçiligi goramak boýunça işgärleri taýýarlaýar. Akademiýada internet arkaly bilim almaga mümkinçilik berýän distansion okuw merkezi bar. Milli edaralaryň işewürlik amallaryny onlaýn arkaly baglanyşdyrýan global intellektual eýeçilik ulgamy bolan WIPOnet taslamasy aýratyn bellärliklidir. WIPO-nyň işiniň geljegi uly ugry intellektual eýeçilik bilen baglanyşykly täjirçilik meselelerini çözmekdir. 1994-nji ýylda WIPO-nyň arbitraž we araçylyk merkezi döredildi.
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň intellektual eýeçiligi ylymda we ykdysadyýetde täzeçil hem-de döredijilikli işläp taýýarlamalary höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýan gurama bolup durýar.
Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. 2013-nji ýylyň 1-nji martynda döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligiň düzümlerini goramak babatda döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyş işini alyp barýar.
2015-nji ýylyň awgust aýynda “Türkmenistanda 2015–2020-nji ýyllar üçin intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy” herekete girizildi. Intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň hereket edýän döwründe daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda ägirt uly işler ýerine ýetirildi.
2015-nji ýylda Türkmenistan 1999-njy ýylyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa namasyna we olimpiýa nyşanlaryny goramak boýunça Naýrobi şertnamasyna goşuldy. 2016-njy ýylda bolsa edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ulgamdaky kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek boýunça işler dowam edýär.