Çüý­şe­li ke­nar, Ka­li­for­ni­ýa: Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky bu tä­sin ýe­re köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da çüý­şe­ler taş­la­nyp­dyr. Çüý­şe gap­lar de­ňiz tol­kun­la­ry­nyň ur­ma­gy ne­ti­je­sin­de tä­sin gör­nü­şi eme­le ge­ti­rip­dir. Şeý­le­lik­de, dür­li reňk­li ça­gyl daş­la­ry we çä­ge­lik eme­le ge­lip­dir.
Ýe­ras­ty de­ňiz, Ma­ri­ýe­ta: Mek­si­ka de­giş­li ada­da örän tä­sin ýe­ras­ty ke­nar­ýa­ka bar. Oňa suw­dan ga­ty dar ötük­den geç­mek ar­ka­ly ýa-da gür jeň­ňel­lik­le­riň için­den ge­çip ba­ryp bol­ýar. Bu ýe­riň ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da dö­rän­di­gi aý­dyl­ýar.
Ýag­ty saç­ýan tol­kun­lar: Mal­diw ada­la­ryn­daky gi­je­le­ri­ne ke­na­ra ur­ýan tol­kun­lar gök reňk­li ýag­ty­lyk saç­ýar. Mu­nuň se­bä­bi­niň de­ňiz­de ýa­şa­ýan fi­top­lank­ton at­ly örän ki­çi jan­dar­lar­dy­gy aý­dyl­ýar. Bu jan­dar­la­ryň deň­ziň ýü­zü­ne go­laý ýer­le­rin­de ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri ýag­ty saç­ýar. De­ňiz­dä­ki jan­dar­lar tol­ku­nyň tä­si­ri hem-de ýyl­dyz­la­ryň ýag­ty­ly­gy­nyň deň­ziň üs­tü­ne düş­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Bu tä­sin te­bi­gy ha­dy­sa Waa­du ada­syn­da has oňat gö­rün­ýär. Ýaz pas­ly­nyň ahy­ryn­da duş gel­ýän bu ha­dy­sa­ny gör­mek üçin Mal­diw ada­la­ry­na her ýyl­da müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Ka­fed­ral sü­tün­le­ri, Ri­ba­deo: Is­pa­ni­ýa­nyň gün­ba­tar ke­nar­la­ryn­da­ky daş sü­tün­ler ýyl­la­ryň do­wa­myn­da de­ňiz tol­kun­la­ry­nyň dik ke­na­ra ur­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir.
Gül­gü­ne çä­ge­li ke­nar: Ame­ri­ka­da ýer­leş­ýän Ba­gam ada­la­ryn­da­ky gül­gü­ne reňk­li çä­ge­lik ke­na­ra çy­kan mer­jen ga­lyn­dy­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Su­wuň güý­ji bu ga­lyn­dy­la­ry pyt­ra­dyp, ow­nu­jak bö­lek­le­re bö­lüp­dir.
Ma­ho: Ka­rib deň­zin­dä­ki Sint-Mar­ten ada­sy­nyň meý­da­ny 87 ine­dör­dül ki­lo­met­re ýet­ýär. 80 mü­ňe go­laý ila­t ýa­şa­ýan ada­ dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bu ýer­dä­ki hal­ka­ra howa menzili hem de­ňiz ke­na­ry­na go­laý gur­lup­dyr. Gon­mak üçin aşak­la­ýan uçar­lar de­ňiz ke­na­ryn­da dynç al­ýan­la­ryň üs­tün­den gu­şu­çar be­lent­lik­den geç­ýär. Bu bol­sa tä­sin gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär.
Koe­ko­he: Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ke­nar­la­ryn­da to­ga­lak daş­lar duş gel­ýär. Ola­ra ýer­li halk “Až­dar­ha ýu­murt­ga­sy” hem diý­ýär. Çö­kün­di­den dö­rän daş­la­ry tol­kun­la­ryň ýon­ma­gy ne­ti­je­sin­de bu şe­kil­le­riň eme­le ge­len­di­gi aý­dyl­ýar. Şeý­le daş­lar dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem ga­bat gel­ýär.
Ýa­şyl çä­ge­li ke­nar: Ýu­waş um­ma­nyn­da ýer­leş­ýän Ga­wa­ýi­dä­ki ýa­şyl çä­gä­niň eme­le gel­me­gi­ne wul­kan­la­ryň aty­lyp çyk­ma­gy se­bäp bo­lup­dyr. Deň­ze guý­lup so­wan wul­kan lä­bi­gi oli­win at­ly mi­ne­ra­ly eme­le ge­tir­ýär. Soň­ra bol­sa bu lä­bik tol­kun ne­ti­je­sin­de ke­na­ra çy­kyp, ýa­şyl reňk­li çä­gä öw­rül­ýär.
Ga­ra çä­ge­li ke­nar: Ga­wa­ýi­de ga­ra çä­ge­li ke­nar hem duş gel­ýär. Ada­nyň Pu­na­luu at­ly ýe­rin­de ga­ra çä­ge­lik hem wul­kan ne­ti­je­sin­de dö­räp­dir.
Gy­zyl çä­ge­li ke­nar, Ga­la­pa­gos: Ek­wa­dor Res­pub­li­ka­syndaky ada­da tä­sin jan­dar­lar ýa­şa­ýar. Hat­da se­ýil­gäh­de ge­ze­lenç edip ýör­kä­ňiz otur­gyç­da dynç alyp ýa­tan düw­le­ne, de­ňiz ke­na­ryn­da iri süý­re­ni­ji­le­re hem ga­bat gel­me­gi­ňiz müm­kin. Em­ma ada­da­ky tä­sin­lik­ler diňe bu­lar­dan yba­rat däl. Bu ýer­dä­ki gy­zyl çä­ge­ler wul­ka­nyň atyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de dö­räp­dir. De­mir mag­da­ny­na baý wul­kan lä­bi­gi­niň gu­muň reň­ki­niň gy­zyl bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy aý­dyl­ýar.
Ba­lyk­gu­lak­ly ke­nar: ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­ty­nyň Sa­ni­bel ada­syn­da ýa­ýy­lyp ýa­tan ba­lyk­gu­lak ça­nak­la­ry owa­dan­ly­gy bi­len ün­sü­ňi çek­ýär. Dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem şeý­le ke­nar­lar az däl. Em­ma bu ýer­de ba­lyk­gu­lak­la­ryň 400-den gow­rak gör­nü­şi­niň ýa­şa­ma­gy de­ňiz ke­na­ry­ny has owa­dan edip gör­kez­ýär.
Go­wak­ly ke­nar: Por­tu­ga­li­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Al­gar­wi se­bi­ti­niň ke­nar­ýa­ka­la­ry­nyň top­ra­gy­nyň dü­zü­min­de köp muk­dar­da hek da­şy bar. Aň­sat­lyk bi­len ere­ýän hek da­şy, su­wuň ur­ma­gy ne­ti­je­sin­de ke­na­ryň oýu­lyp, go­wak­la­ryň dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr.