Niderlandlar Patyşalygynyň Lisse şäherindäki Keukenhof bagynda çigildemleriň 800-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Oňa Ýewropa bagy hem diýlip, ol dünýädäki iň uly baglaryň biridir. Bu ýerdäki güller ýylyň dowamynda diňe iki aý açylýar. Şol döwürde bagyň myhmanlarynyň sany has hem köpelýär. Oňa dünýäniň dürli ýerlerinden myhmanlar baryp görýärler. Golaýda bagyň ýolbaşçylary bu ýeriň tebigy gözelliklerini onlaýn synlamaga mümkinçilik döretdi. Şeýlelikde, islendik wagtda dürli reňkli güllere gaýybana syýahat edip bolýar.