Daş-tö­we­re­gi­miz­e se­re­de­ni­miz­de äh­li za­dyň öz reň­ki­niň bar­dy­gy­ny gör­ýä­ris. Sa­ry, gy­zyl, ýa­şyl, gök reňk­le­ri ça­ga­ wag­ty­myz öw­ren­ýä­ris. Da­şa­ry ýurt di­li öw­re­di­len­de hem il­ki bi­len bel­li reňk­ler öw­re­dil­ýär. Em­ma reňk­le­riň dür­li öwüş­gün­le­ri bar. Bu reňk­le­riň kä­bi­ri­ni gün­de­lik dur­muş­da o di­ýen köp eşit­me­ýä­ris, kä­bi­ri bol­sa, di­ňe bel­li bir za­dy sy­pat­lan­dyr­mak üçin ula­nyl­ýar. Ge­liň, bu reňk­le­ri öw­re­ne­liň!
Ora­ýa­ny: goň­ras gy­zyl reňk.
Sym­gylt: öçüg­si gy­zyl reňk.
Sy­ýa: ga­ra reňk.
Şyr­ky: Açyk sa­ry reňk.
Tüs­se­leç: tüs­sä­niň reň­ki­ne meň­zeş, tüs­se reňk­li.
Ýi­ti: açyk, dok, gö­ze il­giç reňk.
Kül­jü­mek: kü­le ça­lym­daş reňk­, kül reňk­li.
Kü­müş­leç: kü­müş reňk­li, küm­şe ça­lym ed­ýän.
Mar­dop: go­ýy gy­zyl-goň­rum­tyl reňk.
Ma­wy: ýi­ti açyk gö­güm­til reňk­li.
Me­le: sa­rym­tyl goň­ras reňk.
Mä­mi­şi: sa­rym­tyl gy­zyl reňk.
Mäş­bü­rünç: Ýa­ňy aga­ryp baş­lan sak­ga­lyň reň­ki.
Na­rynç: Na­ryň reň­ki­ne meň­zeş, nar reňk.
Nil: go­ýy gök reňk.
Reňk­dar: Go­wy reňk­li.
Boz: Ça­lym­tyl reňk.
Bug­daý­reňk: bug­daý dä­ne­si­niň reň­ki­ne meň­zeş (ada­myň ýü­zi ha­kyn­da).
Çal: agym­tyl we ga­ram­tyl so­lak reňk ga­ty­şyk­ly, kül reň­ki­ne meň­zeş, agy köp­räk, ga­ra­sy az­rak.
Çy­par: sa­ry­ýa­gyz ýü­zü­ni gyz­gylt sa­ry me­nek­ler tu­tan, ör­ten.