Dünýäde balykgulaklaryň 60 müňden gowrak görnüşi bolup, olar ululygy, daşky şekili, iýmitlenişi we ýaşaýan ýeri babatda bir-birinden tapawutlanýarlar. Deňizde ýaşaýan balykgulaklaryň ululygy süýji suwlardaky bilen deňeçer bolýar. Balykgulaklaryň iň täsinleriniň biri gülgüne halkaly diýlip atlandyrylýar. Ýuwaş ummanynda Demirgazyk Amerikanyň kenarlaryna golaý ýerlerde ýaşaýan bu jandarlaryň dem alyş ýollary edil balyklaryňka meňzeýär. Ululygy 16-35 mm aralygynda bolan bu owadan jandarlaryň bir tarapy çürelip gidýän täsin şekili bar. Olaryň reňki altynsow bolup, goňur tegmilleri bolýar. Ol deňizdäki goňur reňkli suwotularyň arasynda ýaşaýar.