Bu so­wa­lyň bel­li bir jo­ga­by ýok. Se­bä­bi şag­la­wu­gyň ulu­ly­gy dür­li öl­çeg­le­ri ulan­mak ar­ka­ly kes­git­len­ýär – giň­lik, be­ýik­lik, dik­lik we su­wuň üz­nük­siz ak­ma­gy ýa­ly. My­sal üçin, iň be­ýik­ şag­la­wuk bo­lan An­he­liň 979 metr be­lent­lik­den ak­ýar. Bu şag­la­wuk­da su­w 807 metr­ üz­nük­siz aka­nyn­dan soň­ra ga­ýa­la­ra urup aşak­ly­gy­na der­ýa ta­rap ugur al­ýar. Em­ma şag­la­wu­gyň ýe­re ge­lip ýet­ýän su­wy örän az. Se­bä­bi ol ho­wa­da­ky ow­nu­jak bö­lek­le­re bö­lü­nip, ümür eme­le ge­ti­rip bu­gar­ýar. Ýö­ne, We­ne­sue­la­da­ky bu şag­la­wuk giň­lik ýa-da su­wu­nyň muk­da­ry ba­bat­da yz­da­ky orun­la­ry eýe­le­ýär.
Ak­ýan su­wuň muk­da­ry ba­bat­da Kon­go­da­ky Bo­ýo­ma şag­la­wu­gy öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Lua­la­ba der­ýa­sy­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän şag­la­wu­gyň aky­my­nyň or­ta­ça tiz­li­gi se­kunt­da 17 müň ine­dör­dül met­re ba­ra­bar. Giň meý­da­ny eýe­le­ýän şag­la­wu­gyň ýe­di go­ly bar.
Giň­li­gi be­ýik­li­gin­den uzyn bo­lan şag­la­wuk­la­ra gö­nü­burç­luk şe­kil­li şag­la­wuk­lar di­ýil­ýär. Olar adat­ça kert ga­ýa­nyň er­ňe­gin­den dik­li­gi­ne ak­ýar. Bu­la­ra Af­ri­ka­da­ky Wik­to­ri­ýa hem-de De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky Nia­ga­ra şag­la­wuk­la­ry­ny my­sal ge­tir­mek bo­lar.
Eň­ňit gör­nüş­li şag­la­wuk­lar hem bar. Olar der­ýa­nyň ýa­py­dan aşak­ly­gy­na ak­ýan gör­nüş­le­ri­dir. Bu­lar­da aky­my güýç­li suw ýa­pa­şak dar ha­na­dan ge­çip, kö­pür­jik eme­le ge­tir­ýär. Mu­ňa Is­lan­di­ýa­da­ky Bar­na­foss şag­la­wu­gy­ny my­sal ge­ti­rip bo­lar.
Kä­bir şag­la­wuk­lar bol­sa atyň guý­ru­gy­na meň­ze­dil­ýär. Bu­lar o di­ýen uly bol­man, dik­li­gi­ne akan­la­ryn­da da­gyň kert di­wa­ry bi­len ara­sy üzül­me­ýär. Mu­ňa Raý­hen­bah şag­la­wu­gy­ny my­sal ge­ti­rip bo­lar.
Kä­bir şag­la­wuk­lar­da bir­nä­çe gol bo­lup, ola­ryň her­si­niň guý­ýan aý­ra­tyn how­da­ny bol­ýar. Is­lan­di­ýa­da­ky Gull­foss şag­la­wu­gy­ny mu­ňa my­sal ge­tir­ýär­ler.

Taý­ýar­lan Ogul­ja­han Gur­ba­no­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.