Şu hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda iş saparynda boldy. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda yzygiderli iş saparlarynda bolup, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine, ýerlerde döwrebap durmuş ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilen özgertmeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklaýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyndaky iş saparynda
S. A. Nyýazow adyndaky etrabyň “Bossan” daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Bu ýerde milli Liderimiz gallaçy kärendeçi Amanýaz Berdiýewiň ýetişdiren hasyly, daýhanlar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Ekerançy daýhan maşgala agzalary bilen 21 gektar ýerde bugdaýyň “Hasylly” görnüşini ösdürip ýetişdirendigini, döwlet tarapyndan berilýän goldawyň utgaşmagy bilen bol hasyly kemala getirendigini gürrüň berdi. Gallaçy kärendeçiniň habar berşi ýaly, ol bu meýdandan meýilnama boýunça 37,8 tonna bugdaý tabşyrmaly. Ýöne bol hasyl ösdürip ýetişdiren daýhan kärende ýerinden 84 tonna ak bugdaý almagy meýilleşdirýär. Bu bolsa her gektardan alynýan hasylyň 40 sentner boljakdygyny aňladýar.
Kärendeçi A. Berdiýewiň gürrüň bermegine görä, ol ykbalyny daýhançylyga baglap, topraga yhlasyny gaýgyrman döwlet tapan daýhanlar maşgalasyndan. Şeýle hem ol ýerden bol hasyl öndürmek, döredijilikli zähmet çekmek ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur kömek-goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize ähli kärendeçileriň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy.
Milli Liderimiz topraga yhlasy uly bolan kärendeçileriň öndürijilikli zähmetiniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, saçaklarymyzyň rysgal-berekediniň artmagynda wajypdygyny belläp, döwletimiziň önüm öndürijilere mundan beýläk-de goldaw berjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň maşgala ýagdaýy, hojalygynda alyp barýan işleri bilen gyzyklandy. A. Berdiýew döwletli maşgalasynyň bardygyny, hojalygynda dowar saklap, ondan bol önüm alýandygyny gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyz daýhan bilen söhbetdeşligiň dowamynda tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşygyň geçirilişi, bugdaýdan boşan meýdanlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän işler, samany ýygnamagyň bähbitli taraplary bilen gyzyklandy. A. Berdiýew hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigini, hasyly ýygnap bolansoň, bu ýerde mäş ekmekçidigini, onuň her gektaryndan 20 sentner hasyl aljakdygyny aýtdy. Şeýle hem ol etrabyň maldarçylyk toplumy bilen şertnama baglaşyp, samany şolara tabşyrýandygyny gürrüň berdi.
Soňra gallaçy kärendeçi hormatly Prezidentimizden galla oragyna ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz bol hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we ekerança bol hasyl arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz galla orýan kombaýnlaryň ýanyna gelip, mehanizator Orunbaý Gaýypow bilen gürrüňdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz kuwwatly däne orujy kombaýna mündi we kuwwatly tehnikany herekete girizip, bugdaý orup başlady. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna ak pata berdi. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň birleşen tagallasy bilen hasyly ýygnalýan meýdanlaryň möçberleri artyp başlady. Bu işde milli Liderimiz öňbaşçy hem-de sogap işe görelde boldy.
Arkadag Prezidentimiziň erk edýän kombaýny daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny orup, öndürijilikli işläp başlady. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň islendik hünärleri ussatlyk bilen ele alýandygynyň hem-de döwrebap tehnikalara erk edýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Biraz wagtdan milli Liderimiziň erk edýän kuwwatly tehnikasy bugdaýly peliň gyrasynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz kombaýndan düşüp, oba zähmetkeşleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan tehnikalary synlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Onda gowaça we bugdaý ekinleriniň tohumlarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem täze hasylyň unundan taýýarlanan çörek we çörek önümleri görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalygynyň möwsümleýin işleri barada aýdyp, onuň hersiniň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda “Eset – eset-de, ekişi bes et” diýen halk nakylynyň manysynyň, esediň iýul aýydygyny, aralyk ekinleriniň iýul aýyna çenli ekilmelidigini, bolmasa onuň hasyla durup ýetişmeýändigini aňladýandygy barada gürrüň berdi. Bugdaý–bagt, ýaşaýyş, galla–Watanyň genji-hazynasy, galla–halkyň baýlygy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ak bugdaýyň türkmen sähralarynyň ýaraşygydygyny, gallanyň halkymyzyň baş baýlygydygyny, bolçulyk bolsa, saglygyňam, agzybirligiňem bolýandygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn tug” hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumyna geldi. Döwrebap ýyladyşhana toplumynyň ýanynda milli Liderimizi “Altyn tug” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Isaguly Garabaýew garşylady.
Bu ýyladyşhana toplumy 2019-njy ýylda ulanylmaga berildi. Şol ýerde gök önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda pomidoryň “Gök ýaýla” atly görnüşi, bolgar burçunyň “Bitarap-20” gyzyl görnüşi we “Nabat” atly sary görnüşi hem-de “Datly” atly ýertudanasy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhananyň 10 gektar ýerinde pomidor, onuň aýry-aýry böleklerinde bulgar burçy hem-de ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.
Hususy kärhananyň ýolbaşçysy döredilýän ähli mümkinçilikler we şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýyladyşhananyň işiniň awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu ýerde ýylda 2 müň 500 tonna pomidor, 20 tonna ýertudanasy, 4 tonna bolgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada häzirki wagtda 120 işgär zähmet çekýär.
Döwletimiz mundan beýläk hem daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň durmuş üpjünçiligi üçin ähli şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz eline pomidor alyp we ony kesip, bu ekiniň hasylynyň has-da artmagyny arzuw etdi hem-de pomidorlary ýetişdirmek boýunça ýyladyşhanada alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi. Bu ýere ýygnananlar bereketli hasyldan dadyp gördüler.
Hormatly Prezidentimiz ýyladyşhana hojalygy bilen tanyşlygyň barşynda telekeçiniň geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy. Şunda hususy kärhananyň ýolbaşçysy ýyladyşhanada banan ekmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz şu pudakda işleýänler üçin sitrus önümlerini ýetişdirmegiň ugurlaryny öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bananyň peýdasy barada belläp, şunuň bilen bir hatarda, ananasy hem ýetişdirmegiň peýdaly boljakdygyny belledi.
MILLI LIDERIMIZIŇ BALKAN
WELAÝATYNA IŞ SAPARY
Şeýle hem Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Bereket etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ak ekin meýdanlarynyň ýanyna geldi. Bu daýhan birleşigi soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň iri obasenagat merkezine öwrüldi hem-de Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli Liderimiz gallaçy-kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanynyň ýanyna gelip, ekerançynyň işleri, kärendesine alan ýeriniň möçberi, bugdaýyň hasyllylygy, şeýle hem daýhanlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Daýhanyň gürrüň berşi ýaly, ol 40 ýyla golaý ekerançylyk bilen meşgullanýar, 17 gektar meýdany kärendesine alyp, bugdaýyň “Bereket” görnüşini ösdürip ýetişdirýär hem-de her gektardan 40-45 sentner hasyl almagy meýilleşdirýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde galla oragyna girişmäge taýýar edilen galla kombaýnlarynyň ýanyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mehanizator Gurbanberdi Tuwakgelew bilen söhbetdeş boldy. Mehanizator döwlet Baştutanymyza döredilýän şertler üçin alkyş sözlerini beýan etdi.
Milli Liderimiz galla meýdanynyň başynda duran “John Deere” kysymly kombaýna münüp, ony herekete girizdi. Hormatly Prezidentimiziň ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, ýetişen galla hasylyny orup başlamagy, bu işe häzir bolup duran tejribeli mehanizatorlaryň ruhuny göterdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden Bereket etrabynyň “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleriniň we önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýerine tarap ugrady. Bu daýhan hojalygy Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň golaýynda ýerleşýär. 2013-nji ýylda döredilen daýhan hojalygynyň Bereket etrabyndaky ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup, onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär, önümçilik desgalarynyň ýerleşýän ýeriniň meýdany 50 gektara golaý. Daýhan hojalygynyň önümçilik toplumynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar towuk etini öndürýän bölüm bolup, häzirki döwürde bu ýerde 5 müň tonna guş eti öndürilýär we 12 million jüýje çykarýan inkubatorly guşçulyk toplumy, ýylda 16 million ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde ýylda 72 müň tonna guşlar üçin ýokumly iýmleri öndürýän zawody, ýylda 100 tonna et öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy hem-de ýylda 500 müň sany bägülleri ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana bar.
Döwletimiziň telekeçilik işini mundan beýläk-de goldajakdygyny, zerur mümkinçilikleriň yzygiderli üpjün ediljekdigini aýdyp, milli Liderimiz T. Tuwakowa işinde üstünlik arzuw etdi.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň obasenagat toplumy ösüşiň täze derejesine çykdy. Pudakda täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagy netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklary artdyryldy.