“Bagtly çagalygyň ýurdy” hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzda körpejelere döwrebap terbiýe berilmegine, olaryň medeniýetli dynç almagyna, wagtlaryny şadyýan geçirmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller edip ýetişdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Ýaş nesliň saglygyny berkitmegi, dynç almagy, wagtlaryny şadyýanlykda geçirmegi üçin ýurdumyzyň ähli ýerinde ýokary derejedäki şertleri özünde jemleýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ençemesi bina edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Mähriban çagalarymyz berkarar we kuwwatly döwletimiz – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleridir” diýip belläp geçişi ýaly, ýurdumyzda çagalar hakynda uly aladalar edilýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny göwnejaý we oňat geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Tomus möwsümde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, gözel Gökdere jülgesinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiz baradaky edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde bina edilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri çagalaryň dynç alýan esasy mesgenine öwrülýär. Bu dynç alyş zolaklary çagalaryň gülküsi bilen hakyky bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Ähli amatlyklary bolan bu merkezlerde dynç alýan çagalar üçin dürli maksatnamalaýyn çäreleriň guralmagy olaryň gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle hem bu dynç alyş merkezlerinde çagalaryň öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegi üçin hem dürli gurnaklar geçirilýär. Şeýle gurnaklar gyzlaryň kiçi ýaşdan el hünärini, milli tagamlary taýýarlamagy öwrenmegine uly ýardam berýän bolsa, oglanlara bolsa dürli esbaplary ýasamak hem-de olary kämil ulanmak babatda hünär öwrenmegine goldaw bolýar.
Şeýle hem ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen “Altyn kölüň” kenaryndaky dynç alyş zolagy çagalar üçin hem iň bir arzyly mekanlaryň birine öwrüldi. Şeýle mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde döredilýär. Olar hem çagalar üçin boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmäge niýetlenen oňyn mümkinçilikleri emele getirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalarynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!
Muhabbet Döwletowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.