Dün­ýä­niň iň meş­hur fut­bol meý­dan­ça­sy hasap­lan­ýan Ma­ra­ka­na sta­dio­ny­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň üs­tün­den 70 ýyl geç­di. Bra­zi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de ýer­leş­ýän bu sta­di­on 1950-nji ýyl­da­ky fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na ni­ýet­le­nip gu­rul­dy. Şol ýyl­da­ky fut­bol çem­pio­na­ty­nyň fi­nal du­şu­şy­gy­na re­kord de­re­je­de jan­kö­ýer gat­naş­dy. Bu gör­ke­zi­ji en­te­gem re­kord de­re­je­si­ni sak­lap gel­ýär. Şon­da bu fi­na­l duşuşygyna 200 müň adam to­ma­şa edip­di.
Ma­ra­ka­na sta­dio­nyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň Urug­wa­ýyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­dan ýe­ňil­me­gi fut­bo­lyň me­ka­ny ha­sap­lan­ýan Bra­zi­li­ýa­da spor­tuň bu gör­nü­şin­e köp san­ly tä­ze dü­zgün­le­riň gi­ri­zil­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Şol du­şu­şyk­dan soň­ra mil­li ýy­gyn­dy­nyň köý­nek­çe­sindäki ak-gök reň­kiň or­nu­ny sa­ry-ýa­şyl reňk al­dy. 2014-nji ýyl­da Ma­ra­ka­na sta­dio­nyn­da dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýe­ne-de bir fi­nal du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. On­da Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy fi­na­la hem çy­kyp bil­me­di.
Bu sta­dio­n gur­lan ýyl­la­ryn­da to­ma­şa­çy sa­ny­nyň köp bol­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi, on­da adam­la­ryň dik dur­magy üçin hem şert­leriň dö­re­dil­megidir. Hal­ka­ra Fut­bol Bi­le­le­şi­gi (FI­FA) XXI asy­ryň baş­la­ryn­da bu düz­gü­ni ýa­tyr­dy. 2014-nji ýyl­da­ky çem­pio­nat üçin sta­di­onyň durky abat­la­ny­lan­da dik dur­mak üçin dö­re­di­len ýer­ler aý­ryl­dy. Sta­di­onyň di­ňe bir fut­bol du­şu­şyk­la­ryn­da däl, eý­sem, dün­ýä bel­li aý­dym­çy­la­ryň kon­sert­le­rin­de hem tu­tuş­ly­gy­na do­lan pur­sat­la­ry bol­dy. 2016-njy ýyl­da bu sta­di­on­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di.

Maksat DETDOWOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.