18-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” Adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde nobatdaky mejlis geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.
Mejlisde ýewropa tarapyna Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi, kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri, COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy boýunça taraplaryň özara hereketleriniň işjeňleşdirilmegi ýaly ileri tutulýan ugurlar babatda pikir alşyldy.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkara we ýerli resminamalaryň çäklerinde adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Munuň özi, ilkinji nobatda, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasy ýaly resminamalardyr.
* * *
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Halkara zähmet guramasy tarapyndan geçirilen sebitleýin wideookuw maslahatyna gatnaşdylar. COVID-19 koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keseliň ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmegiň mümkin bolan ýollaryny gözlemäge esasy ünsi çekildi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar kärhanalaryň, şol sanda ählumumy maliýe-ykdysady ulgamyň islendik üýtgemeleriniň ýetirýän amatsyz täsirine has köp garaşly bolan hususy bölegiň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy. Bu babatda umumy dünýä ykdysady çökgünligiň dowam edýän ýagdaýynda milli Liderimiziň milli ykdysadyýetimizi durnuklylaşdyrmagyň has netijeli gurallaryny herekete getirmegi hem-de kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermegi göz öňünde tutýan oýlanyşykly strategiýasy netijesinde, birsydyrgyn durnukly ösüş depginini saklaýan Türkmenistanyň oňyn netijesi nusgalykdyr.
* * *
Türkmenistan bilen Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri bu Gaznanyň baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli ýöredýän hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şolaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleri hem bar, bu ýurt bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklar oňyn häsiýete eýedir. Dürli ulgamlarda, şol sanda işewürler düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet, maliýe we ýangyç-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň giň gerimli nebitgaz taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy. Şunda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň iri kompaniýalarynyň arasynda özara hormat goýmak we umumy bähbitlere kybap gelýän ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly şertleriň bardygy bellenildi.
* * *
Ýurdumyzyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn-duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine garaldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar boldy, söwda we maýa goýumlary, nebitgaz pudagy hem-de işewürler toparlarynyň ugurlary boýunça gatnaşyklar möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna, şol sanda göni maýa goýumlaryna, bilelikdäki kärhanalary döretmek, taslamalaýyn we düzümleýin maliýeleşdirmek we beýleki meselelere garamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
* * *
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda ýurdumyz bilen Serra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekildi. Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýup, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeldýär.
Gol çekmek çäresiniň öň ýanynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň oba hojalygy, biologiýa, maýa goýumlary ýaly ugurlaryny hem öz içine alýan gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplan oňyn tejribesini hasaba almak bilen, lukmançylyk hyzmatlary ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň hem-de Serra-Leone Respublikasynyň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge özara taýýardyklary beýan edildi.