Ger­ma­ni­ýa­nyň “Volks­wa­gen” we ABŞ-nyň “Ford” kom­pa­ni­ýalarynyň­ bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gynyň çäk­le­rin­de ulag­la­ryň 3 gör­nü­şi­ ön­dü­ri­ler. “Ford” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önüm­çi­lik önüm­ha­na­syn­da “Volks­wa­gen Ama­rok” ky­sym­ly ulag ön­dü­ri­lip, 2022-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Mun­dan baş­ga-da, iki kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň çä­gin­de 1 ton­na çen­li gö­te­ri­ji­lik kuw­wa­ty bo­lan aw­tou­lag ön­dü­ri­ler.
Tä­ze önüm­ler umu­my plat­for­ma­la­ryň esa­syn­da gur­lar. Şeý­le hem müş­de­ri­le­riň ta­lap­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin dür­li ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lar. Ge­çen ýyl bu iki kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär­di. Hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça hem ama­la aşy­ry­lar. Kompaniýalar öz­baş­dak do­lan­dy­ryş ul­gam­ly aw­tou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gi ba­bat­da hem hyz­mat­daş­lyk eder­ler. Ta­rap­lar bi­le­lik­de 8 mil­lio­na go­laý ulag ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýärler.