Halkymyzyň arasynda köpri gurmak sogap iş hasaplanýar. Sebäbi birek-birek bilen gatnaşykda, uzak ýollaryň ýakynlaşmagynda, haýyr-sahawatly işleriň amala aşyrylmagynda köprüleriň möhüm ähmiýeti bardyr. Biz hem Amyderýanyň üstünden gurlan köprüleriň taryhyny we şu gününi beýan edýän ýazgylary size ýetirmegi makul bildik.
Jeýhunyň üstünden demir ýol köprüsini gurmagyň taryhy tejribesi öz gözbaşyny XIX asyryň II ýarymyndan alyp gaýdýar. 1880-nji ýylda Zakaspiý harby demir ýolunyň gurluşygyna başlanýar. Gurluşygyň barşynda demir ýoluň ugrunda köp sanly täze ilatly ýerleriň düýbi tutulýar. 1886-njy ýylyň 29-njy noýabr gijesi Çarjuýa (Türkmenabada) ilkinji otly gelýär. Amyderýadan Buhara çenli, ondanam Samarkanda çenli dowam edýän demir ýol gurluşygy üçin gerekli ýükleriň köp mukdarda gämilerde daşalmagy amatsyz bolupdyr. Şonuň üçin Samarkanda çenli demir ýol gurluşygynyň dowam etmegi üçin Amyderýanyň üstünden wagtlaýyn bolsa-da demir ýol köprüsini gurmak zerurlygy ýüze çykypdyr. Başda Amyderýanyň üstünden asma köprini gurmak baradaky pikir öňe sürlüpdir. Emma onuň ynamly däldigi sebäpli bu pikir makullanmandyr. Arhitektor I.W.Baçinskiniň agaç köprini gurmak baradaky taslamasy tassyklanyp, 1887-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda wagtlaýyn agaç köpriniň gurluşygyna başlanypdyr. Munuň özi Amyderýanyň üstünden gurlan ilkinji köpri bolupdyr. Wagtlaýyn köpri general M. N. Annenkowyň başlangyjy bilen we onuň ýolbaşçylygynda gurlup, ony şol döwürde “Annenkowyň edermenligi” diýip hem häsiýetlendiripdirler. Netijede, 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda köpriniň gurluşygy tamamlanyp, ondan ilkinji otly geçirilýär. Desga aralary ýere berkidilýän 4 sany aýratyn köprüden ybarat edilip gurlupdyr. 128 günde gurluşygy amala aşyrylan agaç köpri 13 ýyldan gowrak wagtlap halka hyzmat edipdir. Şol döwrüň içinde köprüde 6 gezek gatnaw ýatyrylyp, käwagtlar gatnaw iki aýyň dowamynda hem ýola goýulmandyr. 1900-nji ýylyň ahyrynda derýa doňup, birnäçe tonna metal önümleri buzuň aşagynda galýar. Ýyl-ýyldan köprüdäki jaýryklaryň sanynyň artmagy otly gatnawlaryny togtadypdyr. Köpriniň işiniň togtadylmagy bolsa işi bökdäpdir. Şoňa görä-de, Amyderýanyň üstünden has berk köprini gurmak zerurlygy ýüze çykypdyr.
1895-nji ýylda Çarjuý şäherine meşhur rus köpri gurujysy, professor N. A. Belelýubskiý gelýär. Ol Amyderýanyň orta akymynyň geofiziki aýratynlyklaryny ýerinde öwrenip, taýýarlanan birnäçe taslamalardan has amatlysyny saýlap alýar we öňki agaç köpriniň ýanyndan, şeýle-de öňden bäri geçelge bolup hyzmat eden ýerden täze köprini gurmak barada karara gelýär. Amyderýa ýaly gyňyr, iki kenaryny, kenar ýakalaryny oýup-opuryp barýan gazaply derýanyň üstünden şeýle uzynlykda köpri gurmak babatynda şol wagtlar Ýewropada hem, Amerikada hem hiç-hili tejribäniň ýokdugy bu möhüm wezipäni has-da kynlaşdyrypdyr.
Amyderýanyň akymynyň çaltlygyna garamazdan, düýpli taýýarlyklardan soň 1898-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hemişelik hereket etjek demir ýol köprüsiniň gurluşygyna başlanýar. Bu äpet desgany bina etmek üçin gerek bolan gurluşyk serişdeleri Russiýanyň dürli künjeklerinden, Orta Aziýanyň şäherlerinden getirilipdir. Çagyllyk daşlar Ziýadin bekediniň ýakynyndaky karýerden alnypdyr, derýanyň akymyna durnukly sütünleriň demir bölekleri Brýanskiniň, Mariupolyň zawodlaryndan, berçinler Bakuwyň senagat kärhanalaryndan, sement bolsa Wolgadaky Wolsk şäheriniň sement zawodyndan getirilipdir, kerpiç ýerli önümçilikde öndürilipdir. Bassyrmalyk üçin agaç çig mallary Wolganyň we Hazar deňziniň üsti bilen getirilipdir, enjamlaryň, tehnikanyň dürli görnüşleri rus kärhanalarynyň araçy bolup durmagy bilen daşary döwletlerden getirilipdir.
Amyderýanyň üstünden köpri gurluşygyny amala aşyrmak üçin öz işine ussat inženerler gerekdi. Şonuň üçin-de bu gurluşygy alyp barmaklyk Sankt-Peterburg uniwersitetiniň uçurymy S. I. Olşewskä ynanylýar. Şoňa çenli ol Samara-Ufa aralygyndaky demir ýol gurluşygyny, Yrtyş derýasynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygyny ýerine ýetiripdir. S. I. Olşewskiniň kömekçileri inženerler G. S. Kikodze we I. M. Haritonow bolupdyr. Amyderýa köprüsiniň gurluşygy görnükli köpri gurujy professor N. A. Belelýubskiniň gözegçiligi astynda alnyp barlypdyr. S. I. Olşewskiniň ýolbaşçylygynda dürli görnüşli işleriň uly göwrümi ýerine ýetirilipdir. Munuň şeýledigine gurluşykda sütünleri birleşdirmek üçin peýdalanylan müňlerçe berçinler mysal bolup biler. Şol döwürde üýtgeşik hasaplanan bu desgada üç müňe golaý işçi zähmet çekipdir. Olaryň arasynda rus ussalary bilen bir hatarda esgerler we ýerli ýaşaýjylar – türkmenler hem bolupdyr. 1901-nji ýylyň 27-nji maýynda Amyderýanyň üstünden hemişelik hereket etjek demir ýol köprüsiniň gurluşygy doly tamamlanýar, resmi açylyşy bolýar we onda gatnaw başlanýar. Şol döwürde Amyderýanyň demir ýol köprüsi uzynlygy boýunça tutuş Russiýada birinji, dünýäde bolsa üçünji orny eýeläpdir. Köpri şol döwrüň uly gurluşyklarynyň biri hökmünde taryha giripdir. Derýanyň çep kenarynda, demir ýol köprüsiniň ýanynda köprä hyzmat etjek elektrik stansiýasy we demir ýol suw sorujysy gurulýar. Köprüde elektrik yşyklandyrmasy we telefon aragatnaşygy üpjün edilipdir. Amyderýanyň üstünden demir ýol köprüsiniň gurulmagy işçi-gullukçylaryň 3 müňe golaýynyň iş bilen üpjün edilmegine, olaryň oturymly ýaşaýşa geçmegine sebäp bolupdyr. Bu ýagdaý şäheriň ykdysady, medeni ösüşine oňyn täsir edipdir. Netijede, demir ýol köprüsini alkymlap oturan häzirki Türkmenabat şäheri özgeripdir we ösüpdir.
Derýanyň üstünden ikinji demir ýol köprüsini gurmak işi bir asyrdan soň, diňe Garaşsyzlyk eýýamynda, hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda mümkin boldy. Lebap welaýatynyň çäginden akyp geçýän Amyderýanyň üstünden köpri gurmak işi ägirt uly inženerçilik desgalarynyň birnäçesi bilen ýerine ýetirildi. Amyderýanyň üstünden gurlan demir ýol we awtomobil köprüleri halkymyzyň milli bähbitlerinden, isleg-arzuwlaryndan gözbaş alýar.
2009-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Kerki-Kerkiçi aralygynda demir ýol köprüsi gurlup ulanylmaga berildi. Taryhy ähmiýetli köpriniň gurluşygyna jemi 610 adam gatnaşyp, olaryň 570-si türkmenistanly we 40-sy bolsa ukrainalydyr. Köpriniň gurluşygynda agramy 120 tonna bolan Germaniýanyň “Bauet BS” buraw maşynlary we gije-gündiziň dowamynda 960 metr kub beton öndürýän dört sany zawod işledildi. Köpriniň gurluşygyna 16600 tonna metal gurnamalary, 98000 kubometr demir-beton sarp edildi. Gurluşykda derýanyň suwunyň himiki düzümi öwrenilip, onuň aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Suwuň düzüminde betony we demri iýýän sulfat bar. Şonuň üçin köpriniň sütünlerine bu duza durnukly ýörite garyndy goşuldy. Derýanyň ugruny üýtgedýändigi üçin kenarlary berkitmek işleri hem göz öňünde tutuldy. Seýsmiki durnuklylygy bolan bu köpriniň binýady hem berk boldy. Köpri ulag howpsuzlygynyň ähli talaplaryna laýyk gelýär. Ýük geçirijiligi we beýleki ölçegleri boýunça dünýä ülňülerine gabat gelýän Kerki-Kerkiçi demir ýol köprüsi ýurdumyzyň demir ýollaryny birleşdirýän “altyn halka” bolup, sag kenardaky ilatly ýerlere ýükleri eltmegiň bahasyny 3-5 esse peseldýär.
Amyderýanyň sag tarapynda iri taslamalar gurulýar. Bu ýerden uzynlygy ýedi müň kilometre barabar bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Lebabyň dürli görnüşli, bimöçber tebigy baýlyklaryny özleşdirmek, ony ýurdumyzyň ösmeginiň hyzmatynda goýmak bilen baglanyşykly taslamalar amala aşyrylýar. Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplum gurlup ulanylmaga berildi. Bu işler Amyderýanyň sag kenaryndaky ummasyz tebigy baýlyklary özleşdirip, halkymyzyň, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmek boýunça geçirilýän iri möçberli çäreleriň nobatdaky tapgyrydyr. Şeýle uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaklyga uly goşantdyr.
Amyderýanyň üstünden geçýän Kerki-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Çünki Kerki-Kerkiçi demir ýol köprüsi ýakyn goňşularymyz we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşyklary saklamaga kömek edýär, Ýewropanyň we Aziýanyň halklarynyň özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly köprüsi bolup hyzmat edýär. Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsi halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýan “dostluk köprüsidir”.
Kerki-Kerkiçi awtomobil köprüsi barada aýdylanda, gurluşyga işine ussat hünärmenleriň 600-si çekilip, şolaryň 130-sy ukrainalydyr. Köpriniň gurluşygyna 159 million amerikan dollary sarp edildi. 2013-nji ýylyň 14-nji fewralynda Kerki-Kerkiçi aralygynda awtomobil köprüsi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Kerki-Kerkiçi awtomobil köprüsi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin täze strategik ulag geçelgesiniň bir bölegidir.
2017-nji ýyla çenli Türkmenabat şäheriniň golaýynda çep we sag kenarlaryň ulag aragatnaşygy 1901-nji ýyldan bäri ulanylýan demir ýol köprüsi boýunça hem-de derýanyň akymy boýunça ýarym kilometrden gowrak aralykda ýerleşýän ýüzüji ponton köprüsi boýunça amala aşyrylypdyr. Köne demir ýol köprüsinde geçirilen seljerme işleriniň netijesinde onuň aralyk gurluşlarynyň käbir serişdeleriniň ep-esli peselendigi we kemçilikleriň bardygy ýüze çykarylypdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 8-nji fewralynda gol çeken Karary bilen täze demir ýol köprüsini gurmak hakynda çözgüt kabul edildi. Bu Kararyň esasynda Amyderýanyň üstünden Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurluşygyny amala aşyrmak “Altkom” ukrain kompaniýasyna ynanyldy. Döwrebap köprüleriň gurluşygy dört ýylyň dowamynda amala aşyryldy. 2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenabat-Farap aralygynda Amyderýanyň üstünden iki sany täze köpri açyldy. Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nyşany bolan kämil köprüleriň açylyşyna ak pata berdiler.
Türkmenabat-Farap aralygynda gurlan köprüleriň ikisi hem ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Duýduryjy, aragatnaşyk we habar beriji ulgamlar, ýangyna garşy suw geçiriji, howa geçiriji enjamlar oturdylypdyr. Demir ýol köprüsiniň töwereginde Amyderýanyň kenarlarynda kenar berkidiji betonlaşdyrmak işleriniň toplumy amala aşyrylypdyr. Köpri gurujy hünärmenler çylşyrymly işleriň ençemesini, şol sanda ýokary ussatlygy talap edýän suwasty buraw işlerini ýerine ýetiripdirler. Inženerçilik desgasy gurlanda ýerli howa, toprak, inženerçilik-geologiýa, gidrogeologiýa we tektoniki şertler, temperatura düzgüni, köpri geçelgesiniň gurluş böleklerine düşýän ýeliň güýjüni, derýadaky suwuň himiki düzümini kesgitlemek üçin enjamlar oturdylypdyr. Köprini bina etmek boýunça gurluşyk işleri ekologik monitoringi hem-de daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri berjaý etmek bilen alnyp barlypdyr. Gurluşykda howanyň, ýerüsti gatlagyň hapalanmagyny azaltmak üçin döwrebap awtoulag serişdeleri, ekologik taýdan arassa dizel hereketlendirijileri bolan gurluşyk maşynlary we gurallary ulanylypdyr. Gurluşyk meýdançasynyň hem-de ýanaşyk ýerleriň ulanylan nebit önümleri, motor ýaglary bilen hapalanmagynyň öňüni almaga aýratyn üns berlipdir.
Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsi demir ýol köprüsinden 450 metr aşakda – derýanyň aşak akymynda gurlupdyr. Demir ýol köprüsiniň gurluşygynda bolşy ýaly, awtomobil geçelgesiniň gurluşygynda hem ukrain we türkmen hünärmenleri, gurluşykçylary işläp, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap gurluşlary we ösen tehnologiýalary ulanypdyrlar. Döwrebap ulag geçelgesi özüniň inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köpri gurluşygynyň halkara kadalaryna doly laýyk gelýär. Köpriniň taslamasynda ýük göterijilik, hereket tizligi, ýokary mäkämlikdäki gurluşlary peýdalanmak, ýokary seýsmiki durnuklylyk we beýleki ulanyş tehniki häsiýetnamalar göz öňünde tutulypdyr. Köpri Rihteriň şkalasy boýunça güýji 9 balla deň bolan ýertitremelerine durnuklydyr. Köpriniň gurluşygynyň barşynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologiýa, inženerçilik-tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy ýerine ýetirilipdir. Buraw tehnologiýalary boýunça ýokary kysymly betondan we armaturalardan kuwwatly sütünleriň 17-si gurlupdyr. Olaryň üstünden köpriniň köp tonnalyk polat gurluşlary üçin kuwwatly binýatlar esaslandyrylypdyr. Sütünleriň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin olara aýna poliefir turbalary geýdirilipdir.
Köpriniň ýol örtügi matakril atly döwrebap polimer materialdan ybarat bolup, berkligi, uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygy, ultramelewşe şöhlesine durnuklylygy, asfalt beton bilen deňeşdireniňde ýukalygy hem-de ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Awtomobil köprüsiniň çep kenar tarapyna Türkmenabat tarapdan hem-de Çärjew etrabynyň golaýyndan çekilen täze giň awtomobil ýolundan baryp bolýar. Bu ýol bilen daşary ýurtlardan gelýän üstaşyr agyr ýükli awtoulaglar dolandyryş merkezine girmän hem-de şäher köçelerine düşmän, täze Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsinden geçmek mümkinçiligine eýedir.
Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek bilen birlikde üstaşyr geçýän transmilli ulag geçelgeleri bolup hem hyzmat edýärler. Häzirki wagtda täzeden dikeldilen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky amatly geçelgelere öwrülen Amyderýanyň üstünden gurlan köprüleriň geljegi has-da uludyr.
Läle ALLABERDIÝEWA,
H. Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň taryh mugallymy.