Mundan birnäçe ýyl ozal häzirki wagtda azyklyk haryt hökmünde ulanylýan miwedir bakja önümleriniň köpüsi ýokdy. Has dogrusy, bu miweler dünýäniň haýsydyr bir künjeginde bardy, emma beýleki ýerlere ýaýramandy. Şeýle hem tebigy ýagdaýda ösýän hem bolsa, hasylyny almak üçin medeni usulda ösdürilip ýetişdirilmeýärdi. Medeniýetiň ösmegi, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň artmagy bilen tebigy ösümlikler hasyl almak üçin ekilip başlandy, seçgiçiler tarapyndan olaryň täze görnüşleri döredildi. Şeýle ekinleriň biri hem pomidordyr. Bu bakja ekini (latynça: “Lycopersicon lycopersicum”) burç, ýeralma we badamjan ýaly ekinleri öz içine alýan maşgala degişlidir. Pomidoryň ululygy, şekili, hasyl berşi, ýetişýän wagty babatda tapawutlanýan gyzyl, sary, gülgüne, narynç, ýaşyl (bişen wagtynda-da) we goňur reňkli ýüzlerçe görnüşi bar. Günorta Amerikada häzirki Boliwiýanyň we Peruwyň çäklerinde tebigy ýagdaýda ösýän pomidor ilkinji gezek Meksikada medeni ýagdaýda ekilip başlanýar. Soňra bolsa ispan deňizçileri tarapyndan Ýewropa getirilýär. XVI asyrda Italiýada köpçülige tanyşdyrylýar. Şol wagtlar pomidorlaryň reňki sary eken. Şol sebäpli italýanlar bu bakja önümine “pomo d’oro” (“altyn alma”) diýipdirler. Bu söz köp dillere italýançadan geçipdir. Sebäbi, pomidor Italiýada has köp ösdürilip ýetişdirilipdir we beýleki ýurtlara bu ýerden ýaýrapdyr. Bu pomidorlar iri däl-de, örän ownuk bolupdyr. Iri görnüşleri soňky ýyllarda döredilipdir. Beýleki käbir dillere bolsa Amerikanyň ýerli ýaşaýjylary bolan nahuatllaryň dilinde “togalak, doýgun, suwly miwe getirýän ösümlik” manysyndaky “xitomatl” sözünden “tomato” görnüşinde geçipdir. Şol ýyllarda Fransiýanyň günortasynda bu bakja ekini “pomme d’amour” ýagny, “söýgi miwesi” diýlip atlandyrylypdyr. Gysga wagtdan pomidoryň gyzyl reňklileri peýda bolýar. Ilkibaşda köp adam pomidory iýmäge gorkupdyr. Sebäbi onuň zäherli bolup biljekdigini pikir edipdirler. 1900-nji ýyllardan soňra onuň adam üçin zyýanly däl-de, gaýtam peýdalydygy bilnipdir we ýaýrap başlapdyr. Pomidoryň düzüminde demir, kaliý, kalsiý we fosfor minerallary bolup, A, B, C witaminlerine baýdyr. Düzümindäki süýüm iýmitiň aňsat siňmegine ýardam edip, aşgazanyň we içegeleriň kadaly işlemegini üpjün edýär. Bedendäki zyýanly maddalaryň bölünip çykarylmagyna ýardam edip, böwregi we gany arassalaýar, teniňi juwanlaşdyrýar.