Ki­tap­lar dün­ýä­ni ta­na­mak üçin iň go­wy se­riş­de­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Her ýaş­da­ky oky­jy üçin ni­ýet­le­nen ki­tap­lar söz baý­ly­gy­ňy, dün­ýä­ga­raý­şy­ňy gi­ňelt­mä­ge, tä­ze zat­la­ry öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ça­ga­la­ra öwüt-ne­si­hat ber­len­de ki­tap­da­ky er­te­ki­dir he­ka­ýa­la­ryň üs­ti bi­len ýe­ti­ril­se, söz bi­len aý­dan­yň­dan has tä­sir­li bol­ýar. Se­bä­bi, çe­per eser­ler­de bo­lup geç­ýän wa­ka­lar my­sal­lar ar­ka­ly dü­şün­di­ril­ýär. Ça­ga­nyň hy­ýa­ly dün­ýä­si giň bo­lan­soň, er­te­ki­ler has ýat­da ga­ly­jy bol­ýar. Şeý­le hem, ki­tap oka­mak ça­ga­nyň gep­le­ýiş uky­by­ny, söz­le­ýiş ba­şar­jaň­ly­gy­ny, bo­lan wa­ka­ny yzy­gi­der­li gür­rüň ber­mek uky­by­ny ös­dür­ýär. Eý­sem, ki­tap oka­mak en­di­gi­ni ça­ga­la­ra nä­hi­li ga­zan­dyr­ma­ly? Bu ugur­da hü­när­men­ler bir­nä­çe mas­la­hat ber­ýär­ler.
Ça­ga hiç ha­çan “Ki­tap oka!” di­ýip ýüz­len­mäň, olara ki­tap sow­gat ediň! Şeý­dil­se, ça­ga hem sow­gat ala­ny üçin be­ge­ner, hem-de oka­ma­ga hö­we­sek bo­lar. Eý­sem, sow­gat al­ma­gy ha­la­ma­ýan bar­my nä­me?!
Ça­ga­nyň nä­mä­ni ha­la­ýa­ny­ny anyk­laň! Gy­zyk­lan­ýan zat­la­ry ba­ra­da­ky ki­tap onuň oka­ma­ga hö­we­si­ni art­dy­rar. Ça­ga­nyň ýa­şy­na gö­rä, he­ka­ýa­ly, er­te­kili ki­tap­la­ry­ alyp beriň! Gy­z çaga na­har bi­şi­ri­len wag­ty eje­si­niň ýa­nyn­dan aý­ryl­ma­ýan bolsa, onda oňa na­har taý­ýar­la­ma­ga de­giş­li ki­tap be­riň! Ki­tap­da­ky ta­gam­la­ryň bi­ri­ni bi­le­lik­de taý­ýar­laň! Şeý­le­lik­de, çaga ki­ta­byň gü­nde­lik dur­muş­da peý­da­sy­nyň bar­dy­gy­na göz ýe­ti­rer. Ça­ga­dan ses­li ki­tap okap ber­me­gi­ni so­raň, ony diň­läň!
Hep­dä­niň bel­li gün­le­rinde ki­tap okamak üçin ýö­ri­te wagt bel­läň! Maş­ga­la ag­za­la­ry bo­lup, her kim öz is­le­gi­ne gö­rä ki­tap oka­syn! Ki­tap okalyp bolnandan soň­ra çagalary doňdurma ýa-da başga ki­çi­räk sow­gat­lar bi­len be­gen­di­riň!
Açyk meý­da­na ge­ze­len­je gi­diň! Sal­kyn sa­ýa­ly aga­jyň aşa­gyn­da bi­le­lik­de ki­tap okap, ol ýer­de gör­ýän ösüm­lik­le­ri­ňiz we jan­ly-jan­dar­la­ry­ňyz ba­ra­da gür­rüň be­riň! Bu­lar ba­ra­da­ky gi­ňiş­le­ýin mag­lu­ma­ty ki­tap­dan okap be­riň!
Bi­le­lik­de ki­tap dü­ka­ny­na we kitaphanalara gi­diň! Ça­ga oka­mak is­le­ýän ki­ta­by­ny özi saý­la­syn.

Nur­na­bat Ho­ja­n­ýa­zo­wa,
Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ta­ly­by.