Pomidor iň köp hasyl berýän ekin bolup, Ýer ýüzündäki bakja ekinleriniň 16 göterimini pomidor emele getirýär.
Ýyladyşhanalarda ýylyň islendik paslynda ýetişdirilip bolýandygy, bol hasyl berýändigi, işçi güýjüni az talap edýändigi, terligine we gaýtadan işlemek arkaly peýdalanyp bolýandygy sebäpli pomidor iň köp ýaýran bakja ekinleriniň biridir.
Global pomidor önümçiligi 130 million tonnadan gowrak bolup, onuň 88 million tonnasy terligine bazara hödürlenýän bolsa, 42 million tonnasy gaýtadan işlenýär. Dünýäde Hytaý, Ýewropa Bileleşigi, Hindistan, ABŞ we Türkiýe pomidor öndüriji öňdebaryjy ýurtlar we sebitler hasaplanýar. Global önümçiligiň 70 göterimi agzalýan ýerlere degişlidir.
Meksika dünýäde iň köp pomidor eksport edýän ýurt bolup, her ýylda 1,5 million tonnadan gowrak pomidory daşary ýurtlara iberýär. ABŞ-da sarp edilýän ter pomidoryň ýarysyndan gowragy Meksikadan getirilýär.
Hytaýda her ýylda 40 million tonnadan gowrak pomidor hasyly alynýar. Esasan, içki bazarda sarp edilýän pomidoryň belli bir bölegi Russiýa Federasiýasyna iberilýär.
Soňky ýyllarda Demirgazyk Afrika ýurtlary, esasan hem, Marokko, Tunis we Senegal Ýewropa ýurtlaryna pomidor eksportyny artdyrdylar.
Iordaniýada ösdürilip ýetişdirilýän pomidoryň 98 göterimi goňşy ýurtlaryna satylýar.
ABŞ dünýäde iň uly pomidor import edýän ýurt bolup, içerki önümçilik pomidor zerurlygynyň 40%-ini emele getirýär. Ýurtda adam başyna her ýylda 9,5 kg pomidor sarp edilýär. Bakja ekininiň bu görnüşi, esasan, dürli huruşlary, şire we pomidor goýultmasy ýaly önümleri öndürmek üçin çig mal hökmünde peýdalanylýar.
Ispaniýa Ýewropanyň iň köp pomidor öndürilýän ýurdy hasaplanýar. Giň ekin meýdanlary, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ýyladyşhana toplumlary, galyberse-de, güneşli tebigaty pomidoryň bol hasylyny almaga mümkinçilik berýär.
Meksikada tomatilo atly bakja ekini bolup, onuň daşyndaky gabygy aýrylanda içinde çig pomidora meňzeş miwesi bolýar.
Bir sany pomidor gündelik C witamini zerurlygynyň 40 göterimini üpjün edýär.