Telefon gündelik durmuşymyzdaky işimizi ýeňilleşdirýär. Her ýyl täze görnüşleri çykýan hem bolsa, mobil enjamlaryň täze nusgalary ozalkylaryndan örän az tapawut edýär. Şol sebäpli, bir gezek alan islendik harydymyzy, şol sanda elektron enjamlary hem uzak wagtlap ulanmak biziň üçin örän ähmiýetlidir. Eýsem, has uzak wagtlap ulanmak üçin el telefonlaryna nähili zarýad bermelikä? Geliň, ýerine ýetirilmesi aňsat, emma peýdasy uly bolan käbir usullara seredeliň.
El telefonlaryna azyndan iki günde bir gezek zarýad berilýär. Telefonlar adatça, bize zerur bolmadyk wagty – gijesine zarýada goýulýar. Hünärmenler zarýad berijini zerur bolmadyk wagty tokdan aýyrmagy maslahat berýärler. Zarýad berijiler telefon dakylmadyk wagty örän ujypsyz tok çekýän hem bolsa, gyzyp bilýär. Bu hem zarýad berijiniň ulanyş möhletini azaldýar. Şeýle hem, zarýad berijiniň ujy ýere degip duran bolsa, kimdir biriniň aýagyna çolaşmagy hem mümkin.
Telefonyňyza hiç haçan 100%-e çenli zarýad bermäň! Litiý-ion batareýalary zarýady doly gutarýança ulanmak hem maslahat berilmeýär. Zarýadda duran telefony ulanmak hem batareýanyň gyzmagyna sebäp bolýar. Telefona zarýady 10-20% aralygynda wagty zarýada goýup, 95-98% bolanda aýyrmaly. Telefonyňyzy yssy ýerde zarýada goýmak hem talabalaýyk däldir. Eger haýsydyr bir sebäp bilen telefonyňyz gyzan bolsa, ony daşlygyny aýrandan soňra salkyn ýerde zarýada goýuň! Sebäbi, telefonyň daşlygy onuň sowamagyna päsgel berip biler.
Telefona zarýad bermek üçin özi bilen bilelikde satyn alnan zarýad berijini ýa-da belli öndürijiler tarapyndan öndürilenleri ulanyň!
Smartfonyň zarýady barada maglumat berýän programmalaryň batareýanyň ýagdaýyny bilmek üçin peýdaly bolmagy mümkin. Ýöne bu programmalar dürli mahabatlary hödürleýär we batareýa goşmaça agram salýar. Iň gowusy, telefonyň özünde bar bolan programmalardan peýdalanmak. Häzirki wagtda kompýuterleri, ýörite zarýad berip bilýän daşky batareýalary we başga-da birnäçe enjamy smartfona zarýad bermek maksady bilen ulanyp bolýar. Emma kompýuterde zarýad berlende, telefonyň batareýasy wagty bilen dolmaýar. Şol sebäpli, adaty görnüşde zarýada goýulsa has gowy bolar.