Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri adam­lar saz sun­ga­ty bi­len gy­zyk­la­nyp ge­lýär­ler. Sa­zyň gy­zyk­ly we özü­ne çe­ki­ji ta­ry­hy bar. Bu sun­gat dür­li dö­wür­ler­de kä­mil­le­şdirilip, be­lent de­re­je­le­re ýe­ti­ri­lip­dir. Dür­li dö­wür­le­riň alym­la­ry saz sun­ga­tyna öz­baş­dak ylym hök­mün­de ga­rap, ol hak­da bir­nä­çe gym­mat­ly pi­kir­le­ri aý­dyp ge­çip­dir­ler.
Guş­la­ryň jür­kül­di­si, şag­la­wu­gyň güw­wül­di­si, ýag­şyň şy­byr­dy­sy, tol­ku­nla­ryň se­si ada­myň ru­hu­ny gö­ter­ýär, şäh­di­ni aç­ýar. Bu ses­ler saz sun­ga­ty­nyň dö­re­me­gin­de hem yl­ham çeş­me­si bo­lup­dyr. Saz ses­le­ri­ni ýaz­ga ge­çir­mek üçin ula­nyl­ýan ýö­ri­te bel­gi­le­re no­ta di­ýil­ýär. Sa­zan­da bu ýaz­ga se­re­dip ozal bil­me­ýän sa­zy­ny ça­lyp bil­ýär. No­ta­la­ryň ta­ry­hy ga­dy­my dö­wür­le­rden göz­baş alyp gaýd­ýar. Mi­la­dy­dan öň­ki I-VI asyr­lar­da hy­taý çeş­me­le­rin­de sa­zyň te­bi­ga­ty­na, onuň jem­gy­ýet­de tut­ýan or­nu­na ba­gyş­la­nyp ýa­zy­lan yl­my iş­le­r­de no­ta­lar hak­da be­ýan edi­lip­dir. Beý­le­ki açyş­lar­da bol­şy ýa­ly, no­ta­la­ry hem bir adam oý­lap tap­dy diý­mek ýal­ňyş bo­lar. Olar asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­le­şdi­ri­lip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ge­lip ýe­tip­dir. Mi­la­dy­dan ozal­ky II müň­ýyl­lyk­da no­ta­lar pal­çyk­dan edi­len tag­ta­jyk­la­ra ýa­zy­lyp­dyr. Şol dö­wür­dä­ki no­ta­lar hä­zir­ki wagt­da­ky no­ta­lar­dan has ta­pa­wut­ly bo­lup­dyr. Hä­zir­ki­le­re meň­zeş no­ta­lar bol­sa il­kin­ji ge­zek 1025-nji ýyl­da ita­li­ýa­ly Gui­do d’Arez­zo ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lyp­dyr. Meş­hur ital­ýan aý­dym-saz na­za­ry­ýet­çi­si ha­sap­lan­ýan d’Arez­zo no­ta­la­ryň hä­zir­ki gör­nü­şi­niň il­kin­ji nus­ga­la­ry­ny dü­züp­dir. Saz­şy­nas bu no­ta­la­ra “ut, re, mi, fa, sol, la, s” di­ýip at be­rip­dir. “Ut” XII asyr­da “do”, “s” XIII asyr­da “si” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Gui­do d’Arez­zo no­ta­la­ry il­ki te­ge­lek gör­nüş­de, dört çy­zyk­dan yba­rat bo­lan se­ti­re ýer­leş­di­rip­dir. Şeý­le-de, saz­şy­nas saz ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de ses­le­riň ga­ryş­maz­ly­gy üçin no­ta­la­ryň her­ bi­ri­ne aý­ra­tyn­lyk­da at be­rip­dir. Hä­zir­ki gör­nü­şi­ne gel­ýän­çä no­ta­lar dür­li dö­wür­ler­de üýt­ge­di­lip­dir we aň­sat­laş­dy­ry­lyp­dyr.

Taý­ýar­lan Hu­maý Ça­ry­ýe­wa,
Türk­men oba ho­ja­lyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.