Ösümlikleriň köpüsi tozanlamak arkaly köpelýär, hasyl berýär. Gül açýan ösümlikler şemalyň kömegi bilen ýa-da mör-möjekler arkaly tozanlanýar. Bu mör-möjekler nektar almak üçin ösümlikden ösümlige geçenlerinde, polenler bedenine ýapyşyp beýleki güle geçýär. Golaýda Sýurihdäki ýokary tehniki mekdebiniň hünärmenleri käbir arylaryň ösümlikleriň wagtyndan ir güllemegine we miwe bermegine sebäp bolýandygyny ýüze çykardylar.
Arylar iýmitlenmek üçin güle zerurlyk duýýarlar. Geçirilen barlagda arylar ýeterlik iýmit tapmadyk ýagdaýynda ösümlikleriň wagtyndan ir güllemegi üçin ösümligiň ýapragyny dişleýändigi anyklandy. Ylmy gözlegi geçiren topara professor Konsuelo De Moraes ýolbaşçylyk edipdir. Arylaryň “özüni alyp barşyny” görmek maksady bilen ilki köp gül bolan meýdanda, soňra bolsa gülsüz ýerde birnäçe synag işleri geçirildi. Bu barlaglar açyk meýdanda, şeýle hem laboratoriýada aýratynlykda geçirilip, meňzeş netije alyndy. Hünärmenler arylaryň aç bolanda pomidoryň we gara gorçisa ösümliginiň ýapraklaryny dişleýändiklerini anykladylar. Netijede, pomidor adatdakysyndan birnäçe gün ir gülledi. Iýmitlenmegi üçin töwereginde ýeterlik gül bolan ýagdaýynda arylaryň ýapraklara zeper ýetirmeýändigi öwrenildi. Aslynda, ösümlikleriň ir güllemegine sebäp bolýan zat henizem syr bolmagynda galýar. Arylar ýapraklara ýarym tegelek şekilli “nagyş çekýärler”. Emma hünärmenler şeýle şekili emeli usulda ýasanlarynda ösümligiň ir güllemegi üçin täsiri bolmandyr. Professor De Moraes arylaryň ýapraklara “sanjym” edýän bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Häzirki wagtda hünärmenler ösümlikleriň ir güllemegi üçin arylaryň kömeginden peýdalanmagyň usulyny öwrenýärler. De Moraes “New Scientist” žurnalyndaky makalasynda janly-jandarlar barada köp zat bilýändiklerini, emma entek üsti açylmadyk zatlaryň hem az däldigini belleýär.