Te­ge­lek sa­ry gül­le­ri bo­lan gü­ne­ba­kar­lar iň owa­dan ösüm­lik­le­riň bi­ri­dir. Gü­ne­ba­ka­ryň çi­gi­di ir-iý­miş hök­mün­de hem-de ýag al­mak üçin giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Eý­sem, bu ösüm­li­giň gül­län wag­tyn­dan baş­lap, ýü­zü­ni he­mi­şe Gü­ne ta­rap öwür­ýän­di­gi­ne üns be­rdi­ňiz­mi? Te­bi­gat­da gü­li Gü­ne bak­ýan baş­ga ösüm­lik­ler hem bar. Bo­ta­nik­ler gü­ne­ba­ka­ryň nä­me se­bäp­den ba­şy­ny aý­la­ýan­dy­gy­ny öw­ren­di­ler. Bu ba­ra­da köp wagt­dan bä­ri yl­my-bar­lag­lar ge­çi­ril­ýär­di. Ösüm­li­giň Gü­ne se­ret­me­gi­niň bir­nä­çe se­bä­bi bar. Şo­la­ryň bi­ri­niň gü­ne­ba­ka­ryň to­zan­laý­jy ary­la­ry “go­wy gör­me­gi­di­gi­” anyk­lan­dy. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ary­la­ryň Gün şöh­le­si­ni we ys­sy­ny ha­la­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ary­lar ys­sy ýer­ler­dä­ki gün dü­şüp du­ran gül­le­re has köp gon­ýar­lar. Gü­ne­ba­kar­yň Gü­ne bak­ma­gy bol­sa, ary­la­ry özü­ne çek­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­da eme­li ýag­ty­lyk ar­ka­ly ýy­la­dy­lan ýer­le­re hem ary­la­ryň köp go­nan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, gü­ne­ba­kar di­ňe gün­di­zi­ne, ýag­ny Gü­nüň ýy­ly­sy ýe­re ýe­ten­den soň­ra Gü­ne ta­rap se­red­ýär­. Bu ýag­daý gün­di­zi­ne Gü­nüň he­re­ke­ti­ne gö­rä do­wam ed­ýär. Gi­je­si­ne gü­ne­ba­ka­ryň ba­şy gün­ba­tar ta­ra­pa se­red­ýär.