Germaniýanyň “Bundesligasynda” “Bawariýa” ýene bir ýola wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi. Münhen şäheriniň wekili 32-nji tapgyryň çäginde myhmançylykda “Werderi” Lewandowskiniň ýeke-täk goly bilen ýeňip, utuk aratapawudyny saklamagy başardy. Şeýlelikde, “Bawariýa”, 2013-nji ýyldan bäri saklap gelýän çempionlygyny bassyr 8-nji, umumylykda-da 30-njy gezek baýram etdi.
Şeýle-de, “Union Berlinden” 1–0 asgyn gelen “Paderborn” topary hem “Bundesliga” bilen hoşlaşan ilkinji topar boldy. 32-nji tapgyrda Dortmundyň “Borussiýasy” öz meýdançasynda “Maýnsdan” 2–0 utuldy.
BUNDESLIGA (32) — 25
Borussiýa M—Wolfsburg: 3–0 (J. Hofmann 10, 30, Ştindl 65), Werder—Bawariýa: 0–1 (Lewandowski 43), Fraýburg—Herta: 2–1 (Grifo 61, Petersen 71—Ibişewiç 66 p), Union Berlin—Paderborn: 1–0 (Zolinski 27 ö.d.), Aýntraht—Şalke: 2–1 (Silwa 28, Abraham 50—MakKenni 59), Borussiýa D—Maýns: 0–2 (Burkardt 33, Mateta 49 p), Augsburg—Hoffenhaým: 1–3 (Wargas 69—Dabbur 59, 62, Bebu 89), Leipsig—Düsseldorf: 2–2 (Kampl 60, Werner 63—Skrzybski 87, Hoffmann 90+2), Baýer—Köln: 3–1 (S. Bender 7, Hawers 39, Diabi 83—Bornauw 59)