Futbol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ýo­ka­ry li­ga­syn­da ikin­ji aý­law ta­mam­lan­dy. Ge­çi­ri­len 14-nji tap­gyr­da hem-de ozal­ky tap­gyr­lar­dan gal­dy­ry­lan 2 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par­lar uly ha­sap­lar bi­len tapawutlandylar. 14-nji tap­gyr­da “Al­tyn asyr” şu möw­süm­de öz­le­ri­ni ýe­ňen ýe­ke-täk to­par bo­lan “Ne­bi­t­çi­ni” 7–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ara­gat­na­şyk­çy­lara ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Fur­kat Tur­su­now (28), Mer­dan Mu­ha­dow (29), Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew (34, 50), Beg­my­rat Ba­ýow (62) hem-de Be­genç Ak­mäm­me­dow (63, 83) der­we­zä gi­riz­di. 10-njy tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan du­şu­şy­gyn­da bol­sa, “Al­tyn asyr” to­pa­ry “Şa­ga­da­my” hem uly ha­sap bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Bu du­şu­şyk 6–2 ha­sa­byn­da “Al­tyn asy­ryň” peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. Oýun­da “Al­tyn asy­ryň” adyn­dan Re­sul Ho­ja­ýew (7, 52), My­rat An­na­ýew (17), Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew (45+2 p), Be­genç Ak­mäm­me­dow (65) hem-de Beg­my­rat Ba­ýow (85) ta­pa­wut­lan­dy. “Şa­ga­da­myň” 2 go­lu­ny bolsa, 19-njy we 71-nji mi­nut­lar­da Hem­ra Aman­mäm­me­dow öz ady­na ýaz­dyr­dy. 2-nji ha­tar­da bar­ýan “Ahal” to­pa­ry “Aş­ga­bat” bi­len ge­çi­ren 2 du­şu­şy­gyn­da-da uly ha­sap­ly ýe­ňiş­ler ga­zan­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da jo­gap­syz 5 pök­gi gi­ri­zen “Ahal” myh­man­çy­lyk­da “Aş­ga­bat” to­pa­ry­ny 4–2 ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji oýun­da “Ahal” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Gur­ban An­na­ýew (25), Güýç­my­rat An­na­gu­ly­ýew (44), Pir­my­rat Sul­ta­now (57), Ar­tur Ge­work­ýan (65) hem-de Il­ýa Ta­mur­kin (67) öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar. 2-nji du­şu­şyk­da bol­sa El­man Ta­ga­ýew, Söh­bet Al­la­nu­row, Mu­rat Ýak­şi­ýew hem-de Il­ýa Ta­mur­kin ta­pa­wut­lan­dy.
14-nji tap­gy­ryň beý­le­ki 2 du­şu­şy­gyn­da “Şa­ga­dam” hem edil “Al­tyn asyr” ýa­ly soň­ky tap­gyr­la­ryň şow­suz ne­ti­je­ler al­ýan to­pa­ry “Ener­ge­tik­den” 7–0 üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da Baý­ram­gel­di Nur­ly­ýew bi­len Yh­las Mag­ty­mow 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Ke­nar­ýa­ka şä­he­ri­niň we­ki­li “Şa­ga­da­myň” beý­le­ki 3 pök­gü­si­ni bol­sa, Da­ýanç Oraz­gu­ly­ýew, Hy­dyr Ýa­ku­bow hem-de Hem­ra Aman­mäm­me­dow der­we­zä gi­riz­di.
14-nji tap­gy­ryň 4-nji du­şu­şy­gyn­da “Kö­pet­dag” myh­man­çy­lyk­da “Mer­wi” Meý­lis Di­ni­ýe­wiň 89-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.
Iň köp pök­gi ge­çi­ren­le­riň sa­na­wyn­da 16 gol bi­len Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew 1-nji orun­da bar­ýar. 2-nji bas­gan­çak­da­ky El­man Ta­ga­ýew bolsa, 8 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.