For­mu­la 1-den soň, Mo­to GP ýa­ry­şyn­da-da 2020-nji ýy­lyň tä­ze se­ne­na­ma­sy dü­zül­di. Şu wag­ta çen­li ge­çi­ril­me­li ýa­ryş­la­ryň kä­bir­le­ri­niň ýa­ty­ry­lan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tan gu­ra­ma­çy­lar ýy­lyň do­wa­myn­da 13 bäs­le­şi­gi ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler. Möw­sü­miň 1–2-nji “Gran Pri­le­ri” 19-njy we 26-njy iýul­da He­rez­de (Is­pa­ni­ýa), 3-nji ýa­ryş 9-njy aw­gust­da Brno­da (Çe­hi­ýa), 4–5-nji bäs­le­şik­ler 16-njy we 23-nji aw­gust­da Spil­berg­de (Awst­ri­ýa), 6-7-nji ýa­ryş­lar 13-nji hem-de 20-nji sent­ýabr­da Mi­sa­no­da (San Ma­ri­no) ge­çi­ri­ler. Ga­lan ýa­ryş­lar bol­sa, 27-nji sent­ýabr­da Bar­se­lo­na­da (Is­pa­ni­ýa), 11-nji okt­ýabr­da Le Man­da (Fran­si­ýa), 18-nji we 25-nji okt­ýabr­da Ara­gon­da (Is­pa­ni­ýa) ge­çi­ri­lip, 8-nji we 15-nji no­ýabr­da Wa­len­si­ýa­da (Is­pa­ni­ýa) gu­ral­jak soň­ky 2 bäs­le­şik bi­le­nem möw­sü­mi jem­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Eger-de ýag­daý oňaý­ly bo­lan ha­la­tyn­da 22-nji no­ýabr-13-nji de­kabr ara­ly­gyn­da ABŞ, Ar­gen­ti­na, Tai­land hem-de Ma­laý­zi­ýa döw­let­le­rin­de ýe­ne-de 4 bäs­le­şik hem ge­çi­ri­lip bil­ner.