Suwuň çilim çekýänleriň bu zyýanly endikden saplanmagyna hem-de çilimi taşlamaga kömek edip biljekdigi mälim edildi. Bu barada Russiýanyň saglygy goraýyş jemgyýetiniň lukmany Andreý Demin gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, suw diňe bir bedendäki çilimiň zäherli maddalary arassalamak bilen çäklenmän, eýsem çilimkeşleriň bu endiginden ýüz öwürmegine hem kömek etjekdigi bellenilýär.
– Elindäki bir çüýşe suw çilimkeşiň eliniň doludygyny görkezýär. Çilim çekmek, elleriň meşgullanýan işidir. Şonuň üçin çilim çekmekçi bolanyňda belli bir derejede suw içip durmak, çilime bolan zerurlygyň öňüni almaga mümkinçilik berer – diýip, lukman gürrüň berýär. Mundan başga-da, suw adam çilimi taşlandan soň ýüze çykýan kelle agyrysyndan dynmaga kömek eder.
Lukman köpleriň, esasan hem, çilimi taşlandan soň ilkinji hepdelerde kelle agyrylaryndan zeýrenýändiklerini, sebäbi bedende nikotin ýetmezçiliginiň ýüze çykýandygyny we muny goşmaça suw içip ýeňip geçip boljakdygyny belleýär.
– Şeýle hem suw çilimi taşlamak bilen semremekden gorkýanlara kömek eder. Bu ýerde suwuň peýdasy uludyr. Suwuň sarp edilmegi bedende metabolizmi çaltlaşdyrýar. Bu ýagdaýda gazlandyrylan ýokary kaloriýaly içgilerden ýüz öwürmeli we ýönekeý suw içmeli. Mundan başga-da, nahardan öň suw içseňiz, iýilýän mukdary çäklendirip bilersiňiz – diýip, lukman mälim edýär.