Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda «Shunde City» toplumynda robotlaşdyrylan ilkinji restoran işe başlady. 20-den gowrak robot bu jemgyýetçilik iýmit merkezinde müşderiler üçin 200-e golaý tagam taýýarlaýar.
Restoranda müşderilere hytaýyň tagamlary bilen bir hatarda çorba we fast-fud (çalt taýýarlanýan tagamlar) hödür edilýär. 2 müň inedördül meýdany eýeleýän bu restoranda bir wagtda 600 töweregi adama hyzmat edilýär. Tagamlary sargyt etmek, ony taýýarlamak we müşderilere eltip bermek hyzmatynyň ählisi robotlar tarapyndan amala aşyrylýar. Olar tagamlary 20 sekuntda taýýarlamak ukybyna eýedirler. Müşderileriň belläp geçmegine görä, robotlaryň tagam taýýarlamagy başarýandygy we olaryň örän lezzetlidigi aýdylýar.
Robotlary işläp düzüjiler tejribeli aşpezler bilen hyzmatdaşlyk edýärler, olaryň beren maglumatlaryny robotlaryň işleýiş ulgamyna ornaşdyrýarlar.
“Qianxi Robotic Catering Group” firmasynyň baş dolandyryjysy Sýu Miniň aýtmagyna görä, meşhur aşpezleriň nahar bişirmegi bilen baglanyşykly wideoşekilleri ädimme-ädim seljerildi we soňra tagamnama goşulyp, onuň sanly maglumat binýady döredildi.