“Disney” kompaniýasynyň geçen ýylyň noýabrynda hyzmata hödürlän “Disney+” platformasynyň çägi giňeldiler. Mediýa kompaniýasy 15-nji sentýabrdan başlap, Ýewropanyň ýene-de 8 ýurdunda öz hyzmatlaryny ýola goýjakdyklaryny mälim etdi. “Disney+” öz arhiwindäki we täze düşürilýän filmdir seriýallary islendik wagtda görmäge mümkinçilik berýär. Kompaniýa bu hyzmatyny geçen ýylyň mart aýynda tanyşdyrypdy. Ilkinji bolup Angliýada ýola goýlan hyzmat, soňra hindistanly müşderilere ýetirilipdi. Şeýle hyzmaty hödürlemekde “Netflix” kompaniýasy has öňde barýar.