“Apple” kompaniýasy sentýabr aýynda “iOS”-yň 14-nji nusgasynyň hödürlejekdigini mälim etdi. Birnäçe täzelikleri özünde jemleýän täze amaly ulgam arkaly BMW awtoulaglaryny işledip boljakdygy mälim edildi. Munuň üçin nemes kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlupdyr. Şeýlelikde, “iOS 14” amaly ulgamly “iPhone”-lary “BMW 5” seriýasyna degişli ulaglarda açar hökmünde ulanyp bolar. “CarKey” atly bu aýratynlyk sürüji ulagyň golaýyna baranynda gapysyny açýar. Howpsuzlygy bolsa ýüzüňi tanaýan we barmak yzyňy okaýan sensorlar arkaly üpjün edilýär. Häzirki wagtda diňe BMW 5-lere degişli bolan bu aýratynlygyň geljekde beýleki kompaniýalaryň ulaglarynda hem peýda boljakdygy mälim edildi.