Daniýa 2019-njy ýyl boýunça Ýewropa Bileleşiginiň iň gymmat ýurt hökmünde ykrar edildi

Ýewropanyň Statistika gullugynyň geçiren pikir soraşmasynyň netijesine görä, Daniýadaky nyrhlaryň Ýewropa sebitindäki ortaça bahalardan 41 göterim ýokarydygy mälim edildi. Şeýlelikde, bu ýurt Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurdunyň arasynda iň gymmaty hasaplanýar.

Ýewropadaky 2000-den gowrak sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň nyrhlary bu pikir soraşmanyň netijeleriniň mälim edilmegi üçin subutnama boldy.

Hasabata görä, 2019-njy ýylda Daniýa alty esasy kategoriýanyň dördüsinde: azyk we içgi, egin-eşik, restoran we myhmanhanalar, şeýle hem şahsy ulaglar üçin enjamlar babatda iň gymmat ýurt boldy.

“Eurostat” -yň habaryna görä, Daniýada azyk önümleri ÝB-niň iň arzan ýurdy bolan Rumyniýa bilen deňeşdirilende 2 esse ýokarydy, restoranlaryň we myhmanhanalaryň nyrhy boýunça bolsa Ýewropa Bileleşiginiň arzanlyk babatda ikinji orunda durýan ýurdy bolan Bolgariýadan 3 esse gymmat boldy.

Ýewropanyň gymmat ýurtlaryň sanawynda ikinji orunda Irlandiýa, üçünji orunda Finlýandiýa we dördünji orunda Şwesiýa barýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu pikir soraşma Şweýsariýa goşulmady. Sebäbi bu ýurt hakykatdan hem iň gymmat döwletleriň biridir.