Şu gün 24-nji iýunda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp, Moskwada harby parad geçirildi. Bu çärä 14 müň harby işgär, 216 harby tehnika, 75 uçar we dikuçar gatnaşdy. Gyzyl meýdançada guralan harby ýörişe Russiýadan başga Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Hytaý, Moldowa, Mongoliýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň harbylar gatnaşdylar. Harby ýörişe gatnaşan Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň harbylary “Gaz M20 Pobeda” ulagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we 206-njy pyýada goşun bölüminiň 748-nji atyjylyk polkunyň söweş baýdagyny göterip geçdiler. Şol söweş baýdagynyň astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew söweşdi. Bu harby wekiliýete ýurdumyzyň Goranmak ministri general-maýor Begenç Gündogdyýew ýolbaşçylyk etdi.
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi hormatly atlar we medallar bilen sylaglandylar. Olardan 104 sanysy “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” derejesine eýe bolan bolsa, 15-si “Şöhrat” ordeni bilen sylaglandylar. Şol gazaply aldym-berdimli söweşlerde watandaşlarymyz Watan üçin şirin janyny orta goýdular. Türkmen gelin-gyzlary Goranmak gaznasyna 7,400 kilogram töweregi altyn we kümüş şaý-seplerini tabşyryp, ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarlydygyny subut etdiler.