Sportuň taryhyna seredenimizde şu günki 2 halkara ýaryşyň finaly oýnalýar. Ilkinji 1978-nji ýyldaky Dünýä Kubogy bolup, ýer eýeleri argentinler finalda Niderlandlary 3-1 hasabynda ýeňýär. Şol finaldan laýyk 20 ýyldan soň, şu gün oýnalan 2-nji finalda-da Niderlandlar çykyş edýär. Olar bu gezek Günbatar Germaniýada geçirilen Ýewropa çempionatynyň finalynda ozalky SSSR-iň ýygyndysy Ruud Gullitiň hem-de Mark Wan Basteniň çendenaşa owadan çoly bilen 2-0 hasabynda ýeňýär. Dünýä inen meşhur türgenlere seredenimizde, russiýaly türgenler – küştçi Wladimir Kramnik bilen tennisçi Mihail Ýužnynyň şu gün doglan günleri.
1975 – Russiýaly küştçi Wladimir Kramnik dünýä inýär.
1978 – Futbol boýunça Argentinada geçirilen Dünýä Kubogynyň finalynda Argentinanyň ýygyndysy Niderlandlaryň ýygyndysyny 3–1 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek çempion bolýar. Duşuşykda tangoçylaryň 2 goluny Mario Kempeş derwezä girizýär.
1982 – Russiýaly tennisçi Mihail Ýužnyý dünýä inýär.
1988 – Futbol boýunça Günbatar Germaniýada geçirilen Ýewropa çempionatynyň finalynda Niderlandlaryň ýygyndysy ozalky SSSR-iň ýygyndysyny Ruud Gullit we Marko Wan Basteniň gollary bilen 2-0 ýeňýär.