25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatda saglygy goraýşyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak arkaly saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giňişleýin maglumat berildi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň döremeginiň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeleri barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda gutardyş synaglary dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýyly üçin giriş synaglaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň ösen tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary işjeň peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ýurdumyzda degişli düzümleriň gatnaşmagynda bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, olarda taýýarlanýan hünärmenleriň bilim we hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk getirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, milli Liderimiz birnäçe hünärler boýunça täze ugurlary girizmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda,döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek ýaşlaryň sanawyny kesgitlemek we bu ugur boýunça degişli tertipnamany taýýarlamak meselelerini möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow häzirki döwürde ýurdumyzyň bank-maliýe toplumynyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şeýle hem halk hojalygy toplumynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginde, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleri işjeňleşdirmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýarym ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlise hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi we häzirki çylşyrymly şertlerde gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny hem-de bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.