Birleşen Milletler Guramasynyň Meteorologiýa agentligi 2018-nji ýylyň oktýabrynda Braziliýada iň uzyn ýyldyrymyň hasaba alnandygyny mälim etdi. Onuň uzynlygynyň 700 kilometr töweregidigi mälim edildi. Şeýle hem agentlik häzire çenli hasaba alnan ýyldyrymlara degişli käbir rekordlary hem mälim etdi. Oňa görä, geçen ýylyň 4-nji martynda Argentinada iň uzak wagtlap dowam eden ýyldyrym hadysasy hasaba alnypdyr. Bu tebigy hadysa 16,73 sekunt dowam edipdir. Bu rekordlar emeli hemralar arkaly tassyklanypdyr. Agentligiň hünärmeni Randall Kerweni täze ölçegleriň ýyldyrymlarda adatdan daşary rekordlary ýüze çykarandygyny belleýär. Hünärmen has uly görkezijileriň hem bolup biljekdigine ünsi çekýär. Kerweni ýyldyrymy hasaba alýan tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen täze rekordlaryň ýüze çykjakdygyny aýdýar.