1936-njy ýyldan bäri fotoapparat we wideokameralary öndürýän “Olympus” şereketi bu bölümini satdy. Esaslandyrylanyna 84 ýyl bolan ýapon kompaniýasy kamera öndürýän bölümini “Japan Industrial Partners” (JIP) kompaniýasyna satmak üçin ylalaşyga gol çekdi. JIP 2012-nji ýylda “Olympus”-yň telekommunikasiýa bölümini satyn alypdy. 2014-nji ýylda bolsa, “Sony” kompýuter brendi VAIO-ny öz adyna geçiripdi. Ýeri gelende aýtsak, JIP bilen “Olympus”-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bahasynyň entek nämälimdigi aýdyldy.
“Olympus” kompaniýasy ilkinji gezek 1939-njy ýylda “Zuiko” linzasy oturdylan “Semi-Olympus I” fotoenjamyny satuwa çykardy. Kompaniýa soňky onýyllyklaryň dowamynda “Canon” we “Nikon” bilen bäsleşjek derejä ýetdi. Soňky ýyllarda smartfonlaryň kameralarynyň ýokary hilli bolmagy bilen lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligine has köp üns berip başlady. Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň 30-njy sentýabra çenli dowam etjekdigi we ozal mälim edilen maksatnama laýyklykda harytlaryň satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.