Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň esasynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Aşgabat şäherinde deňi-taýy bolmadyk täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman täze döwrebap obalaryň we şäherçeleriň düýbi tutulyp, olaryň gurluşyklary batly depginlerde alnyp barylýar. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depgine eýe bolup, ýurdumyzyň söwda-ykdysady babatda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmegine mynasyp goşant goşjak taslama bolup hyzmat eder.
Adam hakyndaky alada milli Liderimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini durmuşa geçirmegiň barşynda amala aşyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, her bir adamyň öz ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak, azat, erkin zähmet çekmäge bolan hukugyny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirildi. Bilim, ylym, sport, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryna, ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligine maýa goýumlary ýylsaýyn artdyrylýar. Häzirki wagtda telekeçilige, maýa goýumlarynyň erkin dolanyşygyna, kärende gatnaşyklaryna, eýeçiligiň dürli görnüşlerine giň ýol açyldy.
Ýurdumyzda ykdysady strategiýany halkyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmagyň, durnukly ykdysady ösüşiň, bäsdeşlige ukyply innowasion önümçilikleri döretmegiň, täze iş orunlaryny artdyrmagyň, adamlaryň işewürlik başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, pudaklary dolandyrmagyň has netijeli usullary, sanly ulgam ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylýar.
Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, türkmen tebigy gazyny we beýleki serişdelerini daşary bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň älem giňişligini özleşdirýän, sporty, bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden durmuşa ornaşdyrýan döwletleriň hataryna goşulmagy, obadyr şäherlerimiziň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy – bularyň hemmesi, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli aladalary, döwletimizi ösdürmekdäki alyp barýan pähim-parasatly hem-de oýlanyşykly adyl syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege sarpa goýmaklyk, deňhukuklylyk hem-de dünýäniň ähli döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna ählumumy tagallalar jebisleşdirilýär. Türkmenistan döwletimiziň Ýakyn, Orta, Uzak Gündogar, Ýewropa, Amerika ýurtlary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy has-da giňeýär, mazmun taýdan baýlaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşi, Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen we beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk nusgalyk derejä eýe bolýar. Ýurdumyzyň 2020-2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020-2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy hem ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlet hökmünde berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrdy. Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly ösüşleri, ýeňişli üstünlikleri, belent maksatlary hemra edinen mähriban halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny has-da belende göterýär.
Milli Liderimiz eksport ugurly hem-de importuň ornuny tutýan täze pudaklary ösdürmekde telekeçilige aýratyn ähmiýet berip, işewürlere halkara derejeli howa menzillerinden başlap, awtobanlaryň, dag-magdan baýlaşdyryjy senagat kärhanalarynyň gurluşygyna çenli örän jogapkärli taslamalary durmuşa geçirmegi ynanýar. Türkmen işewürligi ýeňillikli karzlar we salgytlar görnüşinde saldamly döwlet goldawy netijesinde okgunly ösüşe eýe boldy. Telekeçiler ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler.
Milli Liderimiziň aýratyn ähmiýet berýän esasy ugurlarynyň biri-de ynsanyň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda raýatlarymyza lukmançylyk hyzmaty häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda üpjün edilýär, saglygy goraýyş we keselleriň öňüni alyş edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňelýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady täzelenýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ilatyň bu ugurdaky işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de zyýanly endiklere garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe döwletimiziň üns merkezinde durýar.
Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary, awtomobil ýollary, seýilgähler gurlup ulanmaga berildi. Aşgabat dünýäniň iň owadan, iň arassa, ýaşaýyş üçin juda amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz islendik desga gurlanda, gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny, seýsmiki durnuklylygyň, ygtybarlylygyň, uzak möhletleýinligiň ölçeglerine kybap gelmelidigini talap edýär, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalary, iň gowy dünýä tejribesini akylly-başly, düşünjelilik bilen ulanmagyň möhümdigine ünsi çekýär.
Täze, döwrebap ilatly ýerleri döretmek – täze şäherleri, şäherçeleri, obalary gurmak baradaky tagallalar döwrüň beýikligini görkezýän işleriň hatarynda doly orun aldy. Garagum sährasynyň jümmüşlerine çenli täze ýaşaýyş toplumlary gurlup barýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi bilen diňe bu kölüň ýerleşýän çäklerinde däl, eýsem, oňa gelýän, her biri ýüzlerçe kilometrlik suw akabalarynyň ýakalarynda hem ýaşaýşyň, gülläp ösüşiň täze mümkinçilikleri açylýar. Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurulmagyna diňe ýol düzüminiň iň ýokary derejelerde kämilleşdirilmegi hökmünde düşünmek ýeterlik däldir. Bu ýol ýaşaýyş mümkinçilikleriniň giňemeginiň, ykdysady hem ruhy ýokary göterilişiň ýoludyr.
Ahal welaýat merkezi hem lowurdap duran täze şäher bolar. Bu hem taryhy waka! Bu beýik gurluşyk Gökdepe etrabynyň çäginde amala aşyrylýar. Täze şäheriň gurulmagy biziň umumy ösüşlerimiziň aýrylmaz bölegidir, şoňa görä, ol diňe welaýatyň ilaty üçin däl, bütin türkmenistanlylar üçin hem örän uly waka. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, täze şäher ak mermerli paýtagtymyz ýaly owadan, haýran galdyryjy şäher bolar. Bu ýerde raýatlaryň döwrüň mahmal şemalyndan dem alyp, örän rahat ýaşamagy üçin ähli şertler dörediler.
Şeýle işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni öňe sürýän milli Liderimiziň halkymyzy gözel durmuşyň gujagynda ýaşatmak, eziz Türkmenistanymyzy dünýäniň jenneti ýurduna öwürmek baradaky yhlasyndan, kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden, döwletimiziň egsilmez güýç-kuwwatyndan habar berýär.