Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan üstünlikleriň, şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýyl Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň şanly toýunyň toýlanjak ýylydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Parahatçylygy döretmek bolsa bütin adamzadyň ýagty geljegini, abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň iň ilkinji şertleriniň biridir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň esasynda iki gezek ykrar edilmegi we dünýä ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylmagy hem «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylmagyna esas bolup durýar. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan halkara ähmiýetli çäreler, şeýle-de sebit we dünýä parahatçylygynyň we durnukly ösüşiniň, özara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini öňe sürýän maslahatlardyr forumlar geçirilýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry mähriban halkymyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýetli seneleriň biridir. Ýigrimi bäş ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Rezolýusiýanyň kabul edilmegi netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet – bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň çäklerinde dünýä we goňşy döwletler bilen hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär. Dünýä döwletleri bilen alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklary Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny has-da belende göterýär. Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara forumlar, Medeniýet günleri, dünýä döwletleriniň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri, şeýle hem dürli sungat festiwallary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan dost-doganlygyň has-da dabaralanmagyna saldamly goşant bolýar.