Klublaryň döredilen güni
Aslynda şu gün futbol klublarynyň esaslandyrylan güni diýip yglan edilse-de ýalňyş bolmaz. Sebäbi dürli ýyllarda 1-nji iýulynda 7 sany klub döredilipdir. Olaryň käbirleri ilki sportuň beýleki görnüşleriň ugur alnyp esaslandyrylan bolsa, soňlugy bilen, olaryň käbiri häzirki wagtda dünýäniň iň meşhur futbol toparlarynyň hatarynda görkezilýär. 1894-nji ýylda Braziliýanyň “Botafoga” kluby ilki küreklemek topary bolupdyr. Topar 10 ýyldan soň, düzümine futbol şahamçasyny hem girizýär. Mundan ozalky asyrda döredilen klublaryň biri-de Germaniýanyň “Hoffenhaým” topary bolup, ol ilki düzüminde gimnastika toparyny esaslandyrýar. Gysga wagtda düzümine futbol topary hem girizilýär. Başga bir nemes kluby, Lewerkuzeniň “Baýer” topary-da şu günki günde döredilen toparlaryň biridir. Iki atdaş klub – “Sporting” futbol toparlary hem şu gün esaslandyrylýar. Ilki 1905-nji ýylda Ispaniýanyň Hihon şäheriniň, bir ýyldan soň bolsa, Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda hem “Sporting” kluby esaslandyrylýar. 1-nji iýulyň ähmiýeti 2 niderland topary üçinem uly bolup, “Twente” we “Utreht” toparlary degişlilikde 1965-nji we 1970-nji ýyllarda döredilýär.
Niderland hüjümleriniň hem-de meşhur ýeňil atletikaçynyň doglan güni
Bu gün 2 golland hüjümçisiniň – Patrik Kluiwert bilen Ruud Wan Nistelrooýyň doglan güni. Olaryň ikisi hem şu gün 44 ýaşaýar. Galyberse-de, dünýä belli ýeňil atletikaçy, ady rowaýata öwrülen amerikaly sprinter, uzynlygyna bökmegiň ussady, 9 gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Karl Lýuwisiň hem şu gün doglan güni.
Dünýäniň iň abraýly welosiped ýaryşy şu gün başlapdyr
Has irki ýyllara seredenimizde, dünýäniň iň abraýly welosiped bäsleşigi hasaplanýan “Tur de Frans” ýaryşyna hem 1903-nji ýylda ilkinji gezek şu gün badalga berilýär. 1904-nji ýylda-da iň uly sport baýramçylygy diýlip görkezilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 3-nji geçirilişi ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde başlaýar. Ol şol döwürlerde geçirilýän halkara ýarmarka sebäpli noýabr aýynda tamamlanýar.
1-nji iýul
1894 – Braziliýanyň “Botafoga” küreklemek topary esaslandyrylýar. 1904-nji ýylda bolsa, toparyň düzüminde futbol kluby hem döredilýär.
1899 – Germaniýanyň “Hoffenhaým” (Sinshaým) futbol topary esaslandyrylýar.
1903 – Dünýäniň iň abraýly welosiped bäsleşigi bolan “Tour de France” ýaryşy ilkinji gezek geçirilip başlanýar. 6 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşda fransiýaly Moris Garin ýeňiji bolýar.
1904 – ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde III tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär. Ol noýabr aýynyň ahyrlaryna çenli dowam edýär.
1904 – Germaniýanyň “Baýer” (Lewerkuzen) futbol topary esaslandyrylýar.
1905 – Ispaniýanyň “Sporting” (Hihon) futbol topary esaslandyrylýar.
1906 – Portugaliýanyň “Sporting” (Lissabon) futbol topary esaslandyrylýar.
1961 – Amerikaly ýeňil atletikaçy, 4 Olimpiadada (1984, 1988, 1992, 1996) 9 altyn medal gazanan Karl Lýuwis dünýä inýär.
1965 – Niderlandlaryň “Twente” (Twente) futbol topary esaslandyrylýar.
1970 – Niderlandlaryň “Utreht” (Utreht) futbol topary esaslandyrylýar.
1976 – Niderlandlaryň meşhur hüjümçisi Patrik Kluiwert dünýä inýär.
1976 – Niderlandlaryň meşhur hüjümçisi Ruud Wan Nistelrooý dünýä inýär.
1989 – Awstraliýaly Formula 1 sürüjisi Daniel Rikkiardo dünýä inýär.
2012 – Futbol boýunça Ukraina we Polşada geçirilen 14-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Ispaniýanyň ýygyndysy Italiýany 4–0 hasabynda ýeňip, bassyr 2-nji gezek kubogy eýeleýär.
2018 – NBA-nyň super ýyldyzy LeBron Jeýms “Kliwlend Kawaliers” toparyndan häzirki çykyş edýän “Los Anjeles Leýkers” toparyna geçýär. Ol 4 ýyllyk şertnama baglaşýar.