Halkara Kosmos Bekedinde iş alyp barýan kosmonawtlar bekediň elektrik üpjünçiliginde peýdalanylýan batareýalary çalyşmak üçin açyk kosmosa çykdylar. Amerikan astronawtlary Kristofer Kessidi we Robert Benken bekediň daşyndaky 2 sany nikel-wodorod batareýalary aýryp, ýerine täze litiý-ion batareýa ýerleşdirdiler. Şeýlelikde, astronawtlar soňky bir hepdäniň dowamynda batareýa çalyşmak üçin üçünji gezek açyk kosmosa çykdylar. Iki astronawt ýene-de 3 batareýany çalyşmak üçin iýul aýynyň dowanda bekediň daşynda iki gezek çykarlar. Kosmos bekedi daşyndaky äpet Gün panelleri arkaly elektrik energiýasy bilen üpjün edilýär. Gün panellerinden alnan energiýa batareýalarda saklanyp, yzygiderli üpjünçiligi ýola goýýar. 2017-nji ýyldan bäri könelişen batareýalary çalyşmak üçin iş alnyp barylýar. Taslamanyň çäklerinde 48 sany nikel-wodord batareýanyň ýerine 24 sany litiý-ion batareýanyň goýulmagy meýilleşdirildi. 2017-nji, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda jemi 18 täze batareýa oturdyldy. Üstümizdäki ýyl 6 täze batareýanyň oturdylmagy göz öňünde tutulýar. El telefonlarynda we elektrokarlarda ulanylýan litiý-ion batareýalar has önjeýli bolup, bekede täze oturdylan bu batareýalaryň bekediň ulanyş möhleti tamamlanýança peýdalanyljakdygy mälim edildi. Dürli synaglaryň we tejribeleriň geçirilýän Halkara Kosmos Bekedinde birnäçe ugurdan tejribesi bolan hünärmen-kosmonawtlar iş alyp barýar.