Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy – 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy täze ösüşe, ilkinji nobatda bolsa, hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Biziň ýurdumyz eýýäm Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylýar. Mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalara gatnaşdy.
Ýurdumyza nobatdaky gezek şu wezipäniň ynanylmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, milli Liderimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ýokary abraýa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik, köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwlet Baştutanymyz tarapyndan Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesine daýanyp, däbe öwrülen gatnaşyklar häzirki döwürde öz çäklerini has-da giňeldýär.
BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki eýeleýän işjeň orny hem-de onuň sebit we dünýä möçberindäki meseleleri çözmekde ýardam bermek meýli bilen şertlendirilendir. Bu ugur döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli syýasaty ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň giň goldawyna mynasyp bolýar.
Şol goldaw bolsa ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-de kabul edilen kararnamalarda öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da, soňky ýyllarda Türkmenistan ençeme gezek bu guramanyň abraýly düzümleriniň hem-de ykdysady edaralarynyň düzümine saýlanyldy.
Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi. Şol maksatnama ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň gaýragoýulmasyz wezipelerine, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Bu resminama Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek, ilatyň durmuş hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de ekologiýa deňagramlylygyny saklamak babatda özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ýardam etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany alamatlandyrýar.
Ýazmuhammet BEGLEKOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.