Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy, mukamçy-kompozitor Laçyn Hudaýberdiýewa özüniň golaýda beren ýörite hasabat konsertini şu şanly senä bagyşlady. Onuň konserti «Diňläň ýedi mukam çalyp bereýin!» diýip atlandyryldy. Bu dabaraly çärä talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, paýtagtymyzyň dürli döredijilik mekdepleridir merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şirin sazlara teşne şol birwagtda hem örän talapkär diňleýjilerden başlap, professional kompozitorlardyr halypa sazşynaslaryň öňünde ýaş sazanda mugallym ilimiziň bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygy bolan ýedi mukamy kämil derejede ýaňlandyrdy. Muňa elbetde, Laçyn sazandanyň kärdeşleriniň, saz muşdaklarynyň öňünde tabşyran özboluşly hünär synagy diýip bolardy. Şeýle-de, halypasy Türkmenistanyň halk artisti mukamçy kompozitor Orazmyrat Annanepesowdan öwrenen her bir tilsim-tärlerini ýoýman ýerine ýetirmegi onuň jogapkärçiliginiň miwesidi.
Gönibekden galan tary özünde pynhan saklaýan Gökdepe galasy bilen adybir «Gökdepe mukamy», türkmen sährasyny özüne siňdiren «Goňurbaş mukamy», meşhur «Berkeli çokaýy» mukamyndan düzülen sazlary owazlaryň sazlaşygyny emele getirdi.
Milli aýdym–saz sungatymyzyň hak hossary hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesini gaýtadan dikeldip, oňa ak pata bermeginiň miwesi bolan ýedi mukamly konsertden oňa gatnaşanlar örän hoşal boldular.
Bu barada çykyş eden hünärmenleriň ýürek sözleri eziz Arkadagymyza bolan alkyşlar bilen utgaşdy. Türkmenistanyň halk artisti, halypa sazşynas Amanöwez Saparow: «Meniň ykbalym Türkmen milli aýdym-sazlary, ussat halypalaryň ömri we döredijilikleri bilen baglanyşykly boldy. Şu asyl sungata bagyşlan ýarym asyrdan köpräk ýyllarymyň içinde ýedi mukamy ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazanda ilkinji gezek gabat gelip oňa guwanýaryn. Muny gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik mekdebini has-da ösdürmek baradaky edýän tagallasynyň miwesi hasaplaýaryn» diýip, ýürek sözüni buýsançly beýan etdi.
Rejepmyrat Annamyradow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.