2030-njy ýyla çenli elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň sany 4 esse köpelip, 20 milliona deň bolar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça maslahaty (ÝUNKTAD) habar berýär. Häzirki wagtda tutuş dünýäde 1 milliarda golaý ýolagçy awtoulaglary hereket edýär. 2030-njy ýyla çenli olaryň sany 2 esse köpeler. Awtoulaglaryň daşky gurşaw üçin hem zyýanly gazlary bölüp çykarýandygy üçin bu ugurda degişli işler geçirilýär. Bu ugurda «ýaşyl» energetika uly maýa goýumlar göz öňünde tutulýar. Guramanyň berýän maglumatyna görä, öňümizdäki ýyllarda bu ugurdaky maýa goýumlar 600 milliard dollara golaýlar.
– Energiýanyň alternatiw çeşmeleri, şeýle hem elektrik tokly batareýalar has uly ähmiýete eýe bolýar – diýip, ÝUNKTAD-yň halkara söwda bölüminiň müdiri Pamela Kok-Gamilton gürrüň berýär. ÝUNKTAD-yň hünärmenleri pes uglerod energiýa ulgamlaryna geçilmeginde we hapa gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda batareýalara möhüm ornuň degişli bolup biljekdigine ynanýarlar. Şeýlelikde, geljekde elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň sanynyň köpeldilmegine has köp üns berler. Bu ugurda eýýäm köp sanly iri awtoulag öndürijileri degişli işleri ýola goýdular.
Bibijemal KAKABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.