Häzirki wagtda dün­ýä­de teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny dur­mu­şa iş­jeň or­naş­dyr­mak ba­bat­da köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze komp­ýu­ter­ler, smart­fon­lar we gün­de­lik dur­muş­da adam­la­ryň işini ýe­ňil­leş­dir­ýän beý­le­ki teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gi giň ge­ri­me eýe bol­dy. Bu ugur­da in­ter­net ul­ga­my­nyň hem güýç­len­di­ri­len ul­gam­la­ry mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da in­ter­net ul­ga­my­nyň 5G ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Kä­bir ýurt­lar bu ul­ga­myň 6G ug­ru­ny öz­leş­dir­mek ba­bat­da iş­le­ri ug­ruk­dy­ryp baş­la­dy­lar. Şeý­le ýurt­la­ryň bi­ri Ýa­po­ni­ýa­dyr. Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti mu­nuň üçin 70 mil­liard ýen (653 mil­li­on dol­lar) möç­be­rin­de pul se­riş­de­le­ri­ni mo­bil ara­gat­na­şy­gyň 6G ul­ga­my bi­len iş­le­ýän kor­po­ra­si­ýa­la­ra bö­lüp ber­me­gi me­ýil­leş­di­r­ýär.
Bu ugur­da­ky iş­le­ri ut­gaş­dyr­mak üçin ýur­duň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da bi­ler­men­ler ge­ňe­şi dö­re­dil­di. Onuň dü­zü­min­de hu­su­sy pu­da­gyň we de­giş­li döw­let eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň teh­ni­ki hü­när­men­le­ri bar. Hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­da 5G ul­ga­my giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. 5G ul­ga­myn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy we ABŞ ýa­ly ýurt­la­r hem köp iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. 6G ul­ga­my­ny iş­läp düz­mek­de bol­sa Hy­taýda hem uly işler alnyp baryl­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk edip, 5G hem-de 6G ul­gam­lar­da­ky iş­le­ri­ni çalt­lan­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
Daýançgeldi BEKDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.