Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy 2020-nji ýylyň maý aýynda iň köp smartfon satuwyny amala aşyran kompaniýa boldy. Bu barada «Counterpoint Research» kompaniýasy habar berýär.
Bilermenleriň baha bermegine görä, 2020-nji ýylyň maý aýynda tutuş dünýäde 81,97 million smartfon satuwy amala aşyryldy. Bu ugurda öňdeligi az-kem aratapawut bilen Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy eýeledi. «Huawei» kompaniýasynyň bazar paýy 19,7 göterime deňdir. Bu ugurda ikinji orunda durýan Koreýa Respublikasynyň «Samsung» kompaniýasynyň paýy 19,6 göterime barabar boldy. Şeýle hem smartfon bazarynyň öňdebaryjylarynyň hatarynda «Apple» (13 göterim), «Oppo» (8 göterim), «Xiaomi» (8 göterim) we «Vivo» (8 göterim) kompaniýalary hem bar.
Aprel aýynda hem «Huawei» kompaniýasy öňdeligi eýeläp, bu aýdaky paýy 21 göterime deň bolupdy. Ýöne bilermenleriň çaklamasyna görä, iýun aýynda Koreýanyň «Samsung» kompaniýasynyň öňdeligi eýelemegine garaşylýar.
Aýgül ERGEŞOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.