Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry hasaplanýar. Onuň özenini hemişelik Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň taryhy tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze we anyk many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylmagy türkmen döwleti bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Mu­ňa go­laý­da BMG-niň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ge­lip gow­şan hoş ha­barlar hem şa­ýat­lyk ed­ýär. BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi ma­li­ýe­leş­dir­mek ba­bat­da hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça 2020-nji ýy­lyň 28-nji ma­ýyn­da ka­bul edi­len Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­si­niň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma BMG-niň res­mi di­lleriniň 6-synda çap edil­di we ag­za ýurt­la­ra res­mi taý­dan ýaý­ra­dyl­dy. Şeýle hem ýur­du­myz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji ses­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­ly­gy­na saý­la­nyl­dy. Bu wa­kalar ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­ga, aba­dan­çy­ly­ga we ösü­şi üp­jün et­mä­ge sal­dam­ly go­şan­dy­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Şeý­le mö­hüm res­mi­na­ma­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len hem-de bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň de­giş­li köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryn­da tas­syk edi­len ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýagdaýynyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­len­ýän ýy­lyn­da ka­bul edil­me­gi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da «Açyk ga­py­lar» we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­rin­den ugur alnyp, ýurdumyzda BMG-niň esa­sy eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly üns ber­ilýär. 2018-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan 2019-2021-nji ýyl­lar üçin BMG-niň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň ag­za­ly­gy­na saý­la­nyp­dy. Gys­ga wagt­dan soň, 2019-njy ýyl­da ýur­du­myz BMG-niň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň esa­sy dü­züm bö­lek­le­ri­niň, has ta­ky­gy, 2020-2022-nji ýyl­lar döw­ri üçin Bü­tin­dün­ýä azyk mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Ge­ňe­şi­niň, 2020-2024-nji ýyl­lar döw­ri üçin Ilat we ösüş bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň we 2020-2023-nji ýyl­lar döw­ri üçin Ne­şe se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, go­laý­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­dan Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň ýe­ne iki dü­zü­mi­niň – Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ge­ňe­şi­niň eda­ra­la­ry­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän Dur­muş ösü­şi bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2021-2025-nji ýyl­lar döw­ri üçin we Ösü­şiň bäh­bi­di­ne Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2021-2024-nji ýyl­lar döw­ri üçin ag­za­ly­gy­na saý­la­nan­dy­gy ha­kyn­da­ky hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy ýur­du­my­zyň bu iri we­kil­çi­lik­li hal­ka­ra dü­züm bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň bar­ha giň ge­rim al­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­jek «Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň BMG we onuň eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bol­dy.
Ýurdumyz BMG-niň mö­hüm kon­wen­si­ýa­la­ry­na we res­mi­na­ma­la­ry­na go­şu­lyp, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne yzy­gi­der­li eýer­ýär. Hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan se­bit­de we dün­ýä möç­be­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze gur­lu­şy­ny ke­ma­la ge­tir­mek, ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek, Aral me­se­le­si­niň tä­sir­le­ri­ni ýe­ňip geç­mek ýa­ly ugur­lar­da öňe sür­len anyk tek­lip­ler hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi tarapyndan goldanyldy. Bu bol­sa BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­la­ryn­da ber­ki­dil­di. Türk­me­nis­tan dün­ýä­de il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny mil­li de­re­jä la­ýyk­laş­dyr­dy hem-de hä­zir BMG ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len «2030-njy ýy­la çen­li Gün ter­ti­bi­niň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýar.

Ogul­bi­bi AGA­LY­KO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men
oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň
mu­gal­ly­my.