Sagdyn durmuş üçin iýmitlenmek we maşk etmek bilen bir hatarda arassaçylyk düzgünlerine hem aýratyn üns bermeli. Mikroblaryň we wiruslaryň ýok edilmegi keselleriň köpüsinden uzak durmak üçin möhümdir. Eýsem, öýlerimizi nähili arassalamaly we haýsy arassaçylyk serişdelerini nähili ulanmaly?!
Her paslyň özüne mahsus arassaçylyk düzgünleri bolýar. Şol sebäpli arassaçylygy hem möwsüme görä ýerine ýetirmeli. Häzirki wagtda arassaçylyk serişdeleriniň gaty köp görnüşi bar. Olar ýerine görä peýdalanylan ýagdaýynda netije berýär. Nädogry ulanylan serişdäniň peýdasyndan zyýanynyň köp bolmagy mümkin. Islendik harytda bolşy ýaly, arassaçylyk serişdeleriniň hem gabynyň daşynda nirelerde, nähili ýagdaýda ulanylmalydygy barada ýörite gözükdirmeler bolýar. Arassaçylyk serişdeleriniň köpüsi göze görnüp duran däl-de, has kiçi, ýagny mikroorganizmleri ýok etmek we olaryň köpelmegini togtatmak üçin niýetlenendir. Bu serişdeleriň pürkülýän, suwuk we gaty görnüşleri bar.
Arassalamagyň usullary
Öýlerde, esasan, hlorly erginler we agardyjy serişdeler ulanylýar. Mikroorganizmleri ýok etmek üçin aşakdaky düzgünleri ýerine ýetirmek maslahat berilýär.
Egin-eşikleri matasynyň görnüşlerine görä mümkin bolan iň ýokary gyzgynlykda ýuwmaly.
Gapy tutawaçlaryny, çyrany ýakyp-öçürýän düwmeleri we has köp ellenilýän beýleki ýerleri ýygy-ýygydan agardyjy serişdeler bilen arassalamaly.
Jemgyýetçilik ýerlerine baranyňyzda eliňizi antibakterial serişdeler bilen arassalamaly.
Çagalara degişli esbaplaryň we oýunjaklaryň arassaçylygyny üpjün etmek üçin olary sabyn we arassa suw bilen ýuwmaly.
Çagalaryň otaglary dürli serişdeler bilen arassalanandan soňra penjiräni açyp, ýelejiretmeli.
Aýratyn üns berilmeli ýerler
Öýde bakteriýalaryň has köp ýygnanýan ýerlerini bilseňiz, arassaçylyk işlerini geçirmek siziň üçin has ýeňil bolar.
Gap-gaç ýuwujy sürteçler köp bakteriýa ýygnaýar. Olary ýygy-ýygydan agardyjy serişdelere batyrmaly. Sürteçleri zaýalanmadyk hem bolsa iki hepdeden soň çalyşmaly.
Ýuwulmadyk gap-gaçlardaky iýmit galyndylary hem köp bakteriýalaryň döremegine sebäp bolýar. Şol sebäpli nahardan soň gap-gaçlar haýal etmän ýuwulmaly.
Kir ýuwujy enjamlar ýygy-ýygydan dezinfeksiýa edilmeli. Bakteriýalaryň we wiruslaryň köpelmeginiň öňüni almak üçin ony mahal-mahal boş işletmeli.
Elektron enjamlarda pikir edilişinden has köp mikrob bolýar. Kompýuter klawiaturalaryny, uzakdan dolandyryjy enjamlary, el telefonlaryny ýygy-ýygydan talabalaýyk arassalamaly.
Diş çotgalary köplenç çyglylygyna galdyrylýandygy üçin aňsatlyk bilen bakteriýa ýygnaýar. Şol sebäpli diş çotgasyny hepdede bir gezek gaýnan suwa salyp goýmaly we üç aýdan bir gezek çalyşmaly.