Ýer ýü­zü­niň tak­my­nan 70%-i suw bi­len gur­şa­lyp, şolaryň 97%-i um­man suw­la­ry bo­lup dur­ýar. Um­man suwu­nyň dü­zü­min­de mil­lionlar­ça ton­na duz sak­lan­ýar. Duz­lu­lyk möç­be­ri bol­sa ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şe gö­rä üýt­gäp bil­ýär. Mu­ňa my­sal edip, ek­wa­tor çy­zy­gy­nyň go­la­ýyn­da­ky suwuň ho­wa­nyň aşa gyz­gyndy­gy sebäpli has duz­lu­dy­gy­ny aýt­mak bo­lar. Pol­ýus­lar­daky buz­la­ryň ere­me­gi hem-de ho­wa­nyň so­wuk bol­ma­gy um­man­da­ky duz­lu­lyk möç­be­ri­ni azald­ýar. Duz di­ňe iý­mit­le­riň ta­gam­ly bol­ma­gy üçin däl, eý­sem, se­na­gat taý­dan çig mal hök­mün­de gi­ňden peý­da­la­nyl­ýar. Duz­lar po­lo­ži­tel we ot­ri­sa­tel za­rý­ad­ly ion­la­ryň tä­sir­leş­me­si ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len hi­mi­ki mad­da­lar­dyr. My­sal üçin, na­har du­zu­ny (NaCl) alyp gö­re­liň: po­lo­ži­tel zar­ýad­ly nat­riý (Na) we ot­ri­sa­tel zar­ýad­ly hlo­rid (Cl) ion­lar­dan dur­ýar. Dün­ýä­niň iň duz­ly köl­le­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
De­ňiz we um­man­la­ryň adat­ça duz­lu­lyk möç­be­ri 3,35%-dir. Ior­da­ni­ýa­ bi­len Ys­ra­ýy­lyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Duz­ly kö­lüň duz­lu­lyk muk­da­ry bol­sa 34%-e go­laý­dyr. Bu bol­sa, kö­lü­ň duz­lu­ly­gy­nyň de­ňiz­le­re ga­ra­nyň­da, 10 es­se köp­dü­gi­ni gör­kez­ýär. Adat­ça, de­ňiz­ler­de duz hök­mün­de köp muk­dar­da nat­riý hlo­ri­di bol­ýan bol­sa, bu kö­l­de üýt­ge­şik hlo­rid duz­la­ry bi­len bi­le­lik­de bro­mid duz­la­ry hem bar.
An­tark­ti­da­da­ky Wik­to­ri­ýa se­bi­tin­dä­ki Don Hu­an kö­lü­niň çuň­lu­gy 10-30 sm ara­syn­da üýt­ge­ýär. Bu ki­çi we ýal­pak suw­ly bö­le­giň duz­lu­ly­gy 44%-dir. Dü­zü­min­dä­ki kal­siý hlo­rid duz­la­ry 50 de­re­je­ so­wuk­da hem su­wuk­ly­gy­ny sak­la­ýar, ýag­ny doň­ma­ýar. Daş-tö­we­re­gi dag­lar bi­len gur­şa­lan bu kö­le gar ýag­ma­ýar. Köl gur­şa­wy­nyň ho­wa­sy so­wuk we gu­rak.
Dün­ýä­niň iň uly duz­ly köl­le­ri­niň bi­ri hem Bo­li­wi­ýa­da­ky Sa­lar de Uýu­ni kö­lü­dir. Onuň meý­da­ny 10 000 km2-den gow­rak­dyr. De­ňiz de­re­je­sin­den 3656 metr be­ýik­lik­dä­ki bu kö­lüň ga­ty ir­ki dö­wür­ler­de gu­rap gi­den bir­nä­çe köl­le­re tä­ze­den suw ýyg­nan­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len­di­gi çak­la­nyl­ýar. Kö­lüň tu­tuş ýü­zi al­ty­burç­luk şek­lin­dä­ki duz kris­tal­la­ryn­dan yba­rat. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, dü­zü­min­de 10 mil­liard ton­na duz sak­lan­ýan bu köl­den her ýyl 25 müň ton­na duz çy­ka­ryl­ýar. Bü­tin dün­ýä­niň li­tiý üp­jün­çi­li­gi­niň 50%-70% ara­ly­gyn­da­ky muk­da­ry bu köl­den alyn­ýar. Ol gy­zyl gaz­la­ryň esa­sy ýa­şa­ýan me­ka­ny­dyr. Kö­lüň ýü­zi eliň aýa­sy ýa­ly te­kiz bo­lan­soň, dün­ýä­niň iň uly «te­bi­gy aý­na­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Se­bä­bi gi­je­si­ne onuň ýü­zün­de Aýy, ýyl­dyz­la­ry we beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri­ni aý­na­da gö­ren ýa­ly gör­mek bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bu ýe­r ki­no dü­şür­mek üçin hem peý­da­la­nyl­ýar. Köl hy­ýa­ly pla­ne­ta­da­ky sah­na­la­ry jan­lan­dyr­mak üçin aja­ýyp müm­kin­çi­li­gi hö­dür­le­ýär.
Tür­ki­ýe­dä­ki Duz kö­lü­niň meý­da­ny tak­my­nan 1500 km2. Ol Ýer ýü­zün­dä­ki iň uly duz­ly köl­le­riň bi­ri­dir. Tür­ki­ýä­niň seý­rek ýa­gyş ýag­ýan bö­le­gin­de ýer­leş­ýän bu kö­lüň duz­lu­ly­gy 32,4%-dir. Jan­ly te­bi­ga­ta baý bo­lan bu köl­de guş­la­ryň 85 gör­nü­şi, mör-mö­jek­le­riň 15 gör­nü­şi, süý­dem­di­ri­ji­le­riň 15 gör­nü­şi we en­de­mik ösüm­lik­le­riň 38 gör­nü­şi duş gel­ýär. Ýurduň duz üp­jün­çi­li­gi­niň 40 gö­te­ri­mi­ bu ýer­den alyn­ýar.

Beg­sol­tan Nu­ry­ýe­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer
ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.